Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň işini döwrebap guramak, maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek, syýahatçylygy ösdürmek, medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Medeniýet ugurly bilim edaralarynyň okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilip, bilim işini guramagyň usullary häzirki zaman şertlerinden ugur alnyp ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanýan gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak, muzeýlere sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda-da zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmäge, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda elektron kitaplaryň web saýty döredilip, onda dürli neşir önümleriniň elektron nusgalary we audio kitaplar ýerleşdirildi. Şeýle-de teatrlarda we sirklerde şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli täze sahna oýunlarynyň hem-de tomaşalarynyň ilkinji görkezilişlerini guramak boýunça işler alnyp barylýar.
Bu barada 16-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.
PDF









