3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryndan biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.
Häzirki wagtda döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygyna garamazdan, gynansak-da, heniz pudakda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler köp diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şulardan ugur alnyp, şu günki iş maslahatynyň dowamynda pudagyň netijeli dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak, ony ösdürmegiň gazanylan depginini saklamak, ýer we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Iş maslahatynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, welaýatlaryň häkimleri we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de welaýatlarda geçirilýän möwsümleýin meýdan işleri barada hormatly Prezidentimize hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ugurda geçirilýän işleriň depginini güýçlendirmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylaryň oba hojalyk toplumynyň işini gowulandyrmak üçin örän köp we tutanýerli işlemelidigini belläp, bu babatda pudagyň degişli ýolbaşçylaryna tabşyryklary berdi we döwletimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ilatymyzyň zerur azyk harytlaryna islegini doly derejede kanagatlandyrmak maksady bilen, oba hojalyk pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermegi dowam etdirjekdigini aýdyp, ýurduň oba hojalyk toplumynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi.
Häzirki döwürde toplumyň bar bolan önümçilik kuwwaty doly peýdalanylmalydyr. Ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamlary ornaşdyryp, oba hojalyk toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligi ýokarlandyrylmalydyr. Bu ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna hem degişlidir. Önümçilige daşary ýurt maýa goýumlary has köp çekilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljermegi tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, azyk senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça önümçilikleriň doly kuwwatynda we bökdençsiz işlemegi üpjün edilmelidir.
Oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljerip, artykmaç çykdajylary aýyrmaly. Önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Wise-premýere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we enjamlaryny hususy bölegiň we daýhan hojalyklarynyň satyn almaklaryny guramak üçin degişli işleri geçirmek babatda degişli tabşyryklar berildi.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, «Öri meýdanlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ähli welaýatlarda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagy üpjün etmek, olary rejeli peýdalanmak we goramak, ekologik, ykdysady we serişde mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmek möhümdir.
Milli Liderimiz daşary ýurtlardan naýbaşy tohumlary satyn almak arkaly bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýurdumyzda öndürmegiň gerimini giňeltmek barada tabşyryk berip, geljekde daşyndan tohum satyn almagy çäklendirmeli diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, atçylyk hojalyklarynyň ot-iým we beýleki önümler bilen üpjünçiligi yzygiderli gowulandyrylmalydyr, toplumyň edara-kärhanalarynyň ot-iým öndürmegi ýola goýulmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk maksatly ekin meýdanlarynyň we örüleriň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny gazanmak, halkara tejribesinden ugur alyp, ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmak we tohumçylygy ösdürmek üçin zerur işleri geçirmek, bu ugurda usuly-gollanmalary taýýarlamak bilen bagly tabşyryklary berdi.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşlerini we öndürilýän möçberlerini artdyrmaly diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem döwlet tarapyndan ýeňillikli şertlerde daşary ýurt pulunda satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň gerekdigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz azyk we oba hojalyk önümçiliginde ulanylýan import harytlarynyň, çig mallaryň, himiki we sarp ediş serişdeleriniň, ätiýaçlyk şaýlarynyň amatly bahalardan satyn alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Olaryň sebitdäki ýurtlar üçin hereket edýän bahalardan ýokary bolmazlygy gazanylmalydyr. Harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr.
Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz zerur bolan döwrebap enjamlary, programma üpjünçiligini ornaşdyrmak hem-de degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny şu ýylyň ahyryna çenli döretmek üçin alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz mallaryň baş sanyny yzygiderli artdyrmak, olar üçin ygtybarly ot-iým binýadyny we täze kaşarlary gurmak, weterinariýa kömegini gowulandyrmak babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa birnäçe tabşyryklary berdi. Bellenilişi ýaly, halkara tejribesinden ugur alyp, iri suw geçirijileri, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrylmalydyr. Suw tygşytlaýjy (damjalaýyn, ýagyş ýagdyrma, akabalary betonlama) usullary giňden ulanylmalydyr.
Import harytlarynyň, tehnikalaryň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny we sebitdäki ýurtlar üçin bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmaly diýip, milli Liderimiz harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň dogry boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan daşary ýurt pulunda satyn alynýan suw hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmek, zeýkeşleri arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça çäreleri görmek barada tabşyryklary berdi. Suw serişdelerini tygşytly ulanyp, ilatly ýerleriň we oba hojalygynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge uly üns berip, onuň gadymy däplerini dikeltmeli diýip, döwlet Baştutanymyz «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy A.Berdiýewe atçylyk sport toplumlarynyň gazanýan girdejilerini artdyrmak, goşmaça mümkinçiliklerden peýdalanmak boýunça seljermeleri geçirmegi hem-de teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Atçylyk hojalyklarynyň zerurlyklary üçin ot-iým üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmaly. Bu hojalyklaryň öz mümkinçilikleri bilen ot-iým öndürmek arkaly döwlet serişdelerini tygşytlamaly diýip, milli Liderimiz atlary köpeltmek, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Welaýatlaryň häkimlerine oba hojalyk pudagynda özgertmeleri geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek üçin ýeriň hakyky eýesi tapylmalydyr hem-de önümçilige öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylmalydyr.
Şu ýyl gowaçanyň ýokary hasylyny öndürmek üçin ýaz ekişine gowy taýýarlyk görülmelidir. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirilmelidir, gowaça ekişini we ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalary we gurallary, gowaça tohumlary möwsüme doly taýýarlanylmalydyr.
Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz ilaty özümizde öndürilen ýeralma, gök-bakja we miwe önümleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin şu ýyl ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmegi tabşyrdy.
Bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi we ösüş suwuny tutmagy agrotehniki möhletlerde hem-de talabalaýyk geçirmek, bu ugurda etraplarda alnyp barylýan işleri gündelik seljermek, bugdaý meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almak, haşal otlara garşy öz wagtynda göreş çärelerini geçirmek babatda degişli görkezmeler berildi.
Howdanlarda suw toplamak, suwy netijeli peýdalanmak, şeýle hem suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işlerini geçirip, suw tygşytlaýjy döwrebap usullary önümçilige giňden ornaşdyrmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl agrosenagat toplumynyň aýry-aýry kärhanalarynda önümçilik kuwwatlyklarynyň ýeterlik ulanylmandygyny belledi. Mysal üçin, un öndürýän kärhanalarda önümçilik kuwwaty 52,4 göterim, pagta arassalaýjy kärhanalarda 64 göterim, çörek bişirýän kärhanalarda 67,6 göterim, ýag öndürýän kärhanalarda 29,1 göterim ulanyldy.
2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde geçen ýyl un, ösümlik ýagyny, et, ýumurtga öndürmek we dowarlaryň baş sanyny artdyrmak pese düşdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi. Oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmak, guşçulygy, et-süýt önümçiligini, azyk we beýleki pudaklary ösdürmegi üpjün etmek zerur bolup durýar. Agrosenagat toplumynyň azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreleri görmeli hem-de şertleri döretmeli.
2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýyl guş etini ýurdumyza daşyndan getirmek 6,9 göterim, ýumurtga boýunça 85,8 göterim, ösümlik ýagy boýunça hem 93,2 göterim artdy.
Dünýä ykdysadyýetindäki bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglylykda, içerki bazary azyk harytlary bilen üpjün etmegi gowulandyrmaly, azyk önümlerini ýurdumyzda öndürmegiň möçberini artdyrmaly, bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz agrosenagat toplumynda netijeli dolandyryşyň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna çykdajylary azaltmak boýunça teklipleri taýýarlamagy hem-de ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Öri meýdanlary we oba hojalyk maksatly sürümli ýerleri netijeli we maksadalaýyk ulanmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de tohumçylygy ösdürmek boýunça zerur işler alnyp barylmalydyr. Ýer kadastryny taýýarlamak tamamlanylmalydyr. Dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça usuly gollanmalar taýýarlanylmalydyr.
Hususy pudagyň we daýhan birleşikleriniň oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny we şaýlaryny satyn almagyny guramak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden peýdalanyp, ulanylýan suw serişdeleriniň doly hasaba alynmagyny üpjün etmek, halkara tejribesinden ugur alyp, uly akabalary, howdanlary, kölleri ulanmagyň iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiz ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, olara şu günki maslahatda ylmy babatda hem meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şolaryň esasynda geljekde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öz hünärine ökde ýaşlary taýýarlamak barada tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa oba hojalyk toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, maliýe üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň kuwwatynyň ulanylyşyny we ösüş depgininiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik öwrenmek, çykdajylaryň düzümini seljerip, ýer, suw, öri meýdanlar üçin tölegleriň öz wagtynda we doly möçberde gelip gowuşmagy boýunça zerur çäreleri geçirmek babatda görkezmeler berildi.