8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe çözgütler kabul edildi.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­ha­ty açyp, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer ha­sa­ba­ty­ny ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri­niň pi­le taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­laýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri ba­ra­da­ky hoş ha­bar­dan baş­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan pu­da­gy gol­da­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­pek­çi­li­gi ös­dür­mek üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän giň ge­rim­li gol­daw­lar esa­syn­da, ýur­du­my­zyň zäh­met­sö­ýer ýü­pek­çi­le­ri Wa­tan har­ma­ny­na 2300 ton­na­dan gow­rak pi­le tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.
Wi­se-prem­ýer hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýü­pek­çi­le­ri­mi­ziň bu zäh­met ýeň­şi bi­len gut­lap, oba ho­ja­lyk pu­dagy­nyň zäh­met­keş­le­ri­niň adyn­dan ne­ti­je­li zäh­met çek­mek üçin dö­re­di­len şert­ler üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­myza ho­şal­lyk bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hoş ha­ba­ry ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, hal­ky­my­zy hem-de eder­men pi­le­çi­le­ri­mi­zi Wa­ta­ny­my­zyň pi­le har­ma­ny­na 2300 ton­na­dan gow­rak ýo­ka­ry hil­li pi­lä­niň tab­şy­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eder­men pi­le­çi­le­ri­mi­ziň yh­las siň­di­rip, ir­gin­siz çe­ken zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de ön­dü­ri­len pi­lä­niň bol ha­sy­ly­nyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ha­lal ojak­la­ry­nyň be­re­ke­di­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de ýü­pek önüm­çili­gi­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýü­pek önüm­çi­li­gi döw­rüň ösen ta­lap­la­ry esa­syn­da ýo­la go­ýul­dy. Aş­ga­ba­dyň ýü­pek fab­ri­gi we Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ön­dü­ril­ýän ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän esa­sy kär­ha­nalar bo­lup, olar do­ly döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy hem-de hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Bu kär­ha-na­lar­da ýü­pek ha­ly­la­ry­ny, mil­li ke­te­ni ma­ta­la­ry­ny we beý­le­ki önüm­le­ri taý­ýar­la­mak üçin tä­ze önüm­ha­nalar açyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow gel­jek­de ýü­pek­çi­li­ge goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýum se­rişde­le­ri­niň möç­be­ri­niň has-da art­dy­ryl­ma­gy­nyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa ila­ty­myz üçin goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, gym­mat­ly çig ma­lyň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pi­le­çi­le­ri hem-de äh­li türk­men hal­ky­ny pi­le tab­şyr­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, uly zäh­met üs­tün­li­gi­niň ga­za­nyl­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, aba­dan dur­muş, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ugrun­da çek­ýän yh­las­ly zäh­me­tin­de has-da be­lent sep­git­le­re ýet­mek­le­ri­ni ar­zuw et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de da­ba­ra­ly çä­re­le­ri ge­çi­rip, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan äh­li pile­çi­le­re we iş­gär­le­re sow­gat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­ma­gy gu­ra­mak ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re tab­şyryk ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möwsüm­le­ýin meý­dan iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Şu gün­ler Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da bug­daý ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da, ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler do­wam ed­ýär, Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­na 10-njy iýun­da başla­mak bo­ýun­ça de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, gal­la ora­gyn­da dä­ne ýyg­ýan kom-baýn­la­ry, bug­daý da­şa­ýan aw­tou­lag­la­ry do­ly güý­jün­de iş­let­mek hem-de ýyg­na­lan ha­sy­ly gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­rin­de bök­denç­siz ka­bul et­mek ug­run­da ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, eki­len ýazlyk ýe­ral­ma we gök-bak­ja ekin­le­ri­ne ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg et­mek, ir­ki ýe­ti­şen ýe-ral­ma­ny we gök ekin­le­riň ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak, ila­ty­my­za ýe­tir­mek hem-de so­wa­dy­jy am­mar­lar­da ýer­leş­dir­mek, gök ekin­le­riň güýz­ki eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da hä­zir go­wa­ça eki­şi ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Gö­ge­riş al­nan meý­dan­lar­da go­waça ideg et­mek, ha­ta­ra­ra be­jer­gi­le­ri ge­çir­mek, eki­ni mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, oňa ösüş suwu­ny tut­mak iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky suw bi­len üp­jün­çi­lik bo­ýun­ça do­wam ed­ýän kem­çi­lik­ler dü­ze­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­da der­ýa­la­ryň su­wu­nyň ka­da la­ýyk bol­ma­gy bi­len, se­bi­tiň eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň suw üpjün­çi­li­gi go­wu­lan­dy­ryl­dy hem-de gel­jek­de su­wy ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler dur­mu­şa ge­çiril­ýär.

Wi­se-prem­ýer ýa­kyn gün­ler­de ýur­du­myz bo­ýun­ça go­wa­ça eki­şi­niň do­ly ta­mam­lan­jak­dy­gy­ny ha­bar berdi.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da mö­hüm möw­süm ha­sap­lan­ýan gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly hem-de bel­le­ni­len möh­let­de, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­giň wajyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ugur­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin äh­li ze­rur tagal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Go­wa­ça­nyň we beý­le­ki ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ag­ro­tehni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýo­la go­ýul­ma­gy, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne jo­gap­kär­çi­lik­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­dir.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 11-nji iýun­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­niň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aý­dyp, bi­ziň se­bi­ti­miz­de suw bi­len bag­ly kyn­çy­lyk­ly ýag­daý­la­ry göz öňün­de tu­tup, wi­se-prem­ýer A.Ýaz­my­ra­do­wa de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, bi­rin­ji­den, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba ho­jalyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Hö­kü­met to­pa­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy, bu to­pa­ryň dü­zü­mi­ne Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň, yl­my ins­ti­tut­la­ryň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň hem-de beý­le­ki eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny goş­ma­gy tab­şyr­dy.
Ikin­ji­den, Amy­der­ýa­dan we Ga­ra­gum der­ýa­syn­dan baş­lap, der­ýa­la­ryň ha­na­syn­da bar­lag­la­ry ge­çir­me­giň, su­wuň aky­my­nyň geç­mez­li­gi­niň se­bäp­le­ri­ni anyk­la­ma­gyň, kem­çi­lik­le­ri dü­zet­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýilna­ma­sy­ny düz­me­giň we ola­ry ama­la aşyr­ma­ga gys­sag­ly gi­ri­şil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, teh­ni­ka­la­ry, lä­bik so­ru­jy­la­ry, suw so­ru­jy­la­ry, ola­ryň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin ze­rur se­riş­de­le­ri bö­lüp ber­mek ba­ra­da tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak tab­şy­ryl­dy.
Üçün­ji­den, der­ýa­lar bi­len bir­lik­de, esa­sy suw aka­ba­la­ryn­da hem bar­lag­lar ge­çi­ril­me­li­dir. Ola­ry aras­sa­lamak, be­ton­la­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny düz­me­li we bu me­ýil­na­ma­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­rişme­li di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow aýt­dy.
Dör­dün­ji­den, suw süý­je­di­ji des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­ne baş­la­mak hem-de Ha­zar deň­zin­den Aş­ga­ba­da suw ber­mek bo­ýun­ça müm­kin­çi­lik­le­re se­re­dil­me­li­dir.
Bä­şin­ji­den, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň her mej­li­sin­de iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sabat ber­me­gi wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mas­la­ha­ty ta­mam­lap, wise-prem­ýe­re alyp bar­ýan işin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.