Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilime, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary adamlaryň gündelik durmuşyna berk ornaşyp, zähmeti guramagyň usullaryny, bilimiň we dynç almagyň görnüşlerini düýpli özgerdýär. Ýurdumyzda hem döwür bilen aýakdaş gadam urmak üçin öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we özleşdirmek arkaly sanly ulgama geçmegiň öz ylmy-tehnologik kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamak esasy maksat hökmünde kesgitlendi. Ýokary tehnologiýalara, geljegi uly pudaklary ösdürmäge esaslanýan ykdysadyýetiň hem-de senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ýurdumyzyň şu güni we geljegi üçin anyk ugur bolmagynda galýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Degişli konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professorlaryň we mugallymlaryň tagallalary bilen, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy, ýörite portallar işlenip taýýarlanyldy. Ýaşlaryň höwesi, başarnyklarydyr batyrgaý pikirleri maglumat jemgyýetiniň ösüş proseslerine, zähmeti awtomatlaşdyrmakdan, amatly we ýönekeý ulanyjy hyzmatlaryny döretmekden başlap, «ýaşyl» geçişe, «akylly» şäher ulgamyna çenli döwrüň köpugurly wezipelerini öz içine alýan bilimler ykdysadyýetiniň kemala gelmegine itergi berýär. Şoňa görä, intellektual ulgamlary, iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleri nazara almak bilen, sanly serişdeleri köpçülikleýin öwrenmäge, bu ulgamda bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijileriniň arasynda diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri däl, eýsem, mekdep okuwçylary hem bar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň innowasion amallara işjeň gatnaşýandygyny we ýokary tehnologiýaly ugurlara bolan gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny görkezýär. Başgaça aýdylanda, maglumat tehnologiýalary ulgamynda hünärmen bolmak isleýän ýetginjekler eýýäm mekdep döwründen geljekki hünärine ugrukdyrylýar. Baýrakly orunlara mynasyp bolan taslamalar diňe bir täze tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň ähmiýetini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, emeli aňyň mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmaga, dürli pudaklarda goşmaça tehnologiýalary ulanmaga, daşky gurşaw meselelerini çözmäge, türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen sanly innowasiýalaryň durmuş taraplaryna hem ünsi çekýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky özgertmeler, onuň sanlylaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy ýokary hünärli programmistleriň, inžener-işläp düzüjileriň, kompýuter ylymlary, maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegine goldaw bermäge gönükdirilendir. Olar sanly ösüş üçin işgärleri taýýarlamagyň wezipelerine laýyk gelýän ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilim bilen birlikde, orta we başlangyç bilimleri hem gurşap alýar. Eýýäm birinji synpda okuwçylar informatikanyň esaslary dersini öwrenýärler. Şol ders olara adamzadyň gözlegleriniň we pikirleriniň mümkinçilikleriniň çäksiz dünýäsine gapylary açýar. Zehinli ýaşlar käbir ykdysady-durmuş meselelerini çözmäge, maýa goýumlardan gelýän girdejileri ep-esli artdyrmaga ukyply taslamalary döredip, taýýarlygyň we döredijiligiň ýokary derejesini görkezýärler.
Ýurdumyzda ýaş programmistleriň, tehnologlaryň, oýlap tapyjylaryň arasynda bäsleşikler, çäreler we olimpiadalar Bilim ministrligi, ugurdaş edaralar tarapyndan yzygiderli guralýar. Türkmen ýaşlary halkara bäsleşiklere hem işjeň gatnaşýarlar. Şeýle ylmy bäsleşikler diňe bir ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak üçin nobatdaky ädim bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň tehnologik kuwwatyny görkezmek üçin hem möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümler işleýşi we ulanyş ýeňilligi babatda meşhur daşary ýurt hyzmatlaryndan pes däldir. Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi yzygiderli senagatlaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin dünýä maglumatlarynyň ummasyz çeşmelerini özleşdirmek, dessin maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak wajyp ähmiýete eýedir.
Halkara tejribeler ýurtlaryň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüş derejesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny, edaralaryň, kompaniýalaryň işiniň netijeliligine bolsa internetiň täsiriniň beýleki tehnologiýalardan has ýokarydygyny görkezýär. Bu çemeleşme ýurdumyzyň döwlet syýasatynda-da öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady döwrüň talaplaryna, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň wezipelerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň meşhur ulgamlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Sanly bilimiň ornaşdyrylmagy Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine adam maýasyny artdyrmaga, ykdysadyýete we beýleki ulgamlara innowasion serişdeleri çekmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýaş nesil Watanymyzyň geljegidir, onuň okgunly ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda ýaşlar Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň ýaşlary milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ösdürmek üçin innowasion çözgütleri döretmäge hem-de olary ilerletmäge işjeň gatnaşýarlar. Ýaş nesil üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.
Çynar ATALAKOWA,
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.