Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyza bagyşlanan çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda hem “Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady” at bilen geçiriljek hepdelige taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şu ýylyň dekabrynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär.
Bu barada 17-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.