24-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň 15-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça II halkara açyk internet olimpiadasyny, 27-nji mart — 1-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça II açyk halkara internet olimpiadasyny, 12-13-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirmek teklip edilýär. Meýilleşdirilýän halkara internet olimpiadalaryna ýurdumyzyň talyplary bilen bir hatarda, Ýewraziýa döwletlerinden, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryndan, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinden onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, talyplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ylym-bilim ulgamynda baý tejribe toplamaga, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýaş türkmenistanlylaryň bilime ymtylmasyny yzygiderli höweslendirmegiň, olaryň ýokary hilli we döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bellenen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.