Diýarymyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýär we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkidilip, ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary yzygiderli geçirilýär.
Şu ýylyň mart aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasyny, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, alymlary, professor-mugallymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi täze zehinleri ýüze çykarmakda, halkara ylmy-döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, bilim işini okuw-usulyýet taýdan kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu barada 23-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
PDF









