UEFA Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynda “Milan” bilen “Atalantadan” soň “Ýuwentus” üçinem ýaryş şu möwsümlik tamamlandy. Myhmançylykda Niderlandlaryň PSW topary bilen duşuşan “Ýuwentus” öz meýdançasynda 2-1 hasabynda ýeňipdi. Eýndhowendäki “Philips” stadionynda geçirilen duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 53-nji minutda 1-nji oýunda-da tapawutlanan Iwan Perişiç PSW-ni öňe saýlady. 10 minutdan soň Timoti Wea hasaby deňledi. Bu goldan 11 minutdan soň Ismael Saibariniň takyk urgusy bilen PSW 2-nji gezek öňe geçdi. Duşuşygyň esasy wagty şol hasap bilen tamamlanyp, ýeňiji goşmaça wagt kesgitlenmeli boldy. Goşmaça wagtda-da, has takygy, 98-nji minutda Raýan Flamingo PSW-niň 3-nji pökgüsini turinlileriň derwezesinden girizdi. Galan minutlarda-da “Ýuwentusa” jogap bermek başartmady. Şunlukda, “Ýuwentus” topary bassyr 3-nji gezek 1/8 finala çykyp bilmedi. PSW bolsa yzly-yzyna 2-nji, umumylykda-da 6-njy sapar 1/8 finalda oýnar. “Milandan” soň “Ýuwentusyň” hem niderland toparyndan utulmagy bellärliklidir. Çempionlar Ligasynda 1/8 finalda 5 klub bilen gatnaşan italýanlardan diňe “Inter” galdy. Ertir PSW topary “Arsenal” bilen ýa-da ýene bir italýan kluby, olaryň iň soňky wekili “Inter” bilen bije çekişer.

PSV’s Ivan Perisic scores his side’s opening goal during the Champions League playoff second leg soccer match between PSV and Juventus at Phillips Stadium in Eindhoven, Netherlands, Wednesday, Feb.19, 2025. (AP Photo/Peter Dejong)