Germaniýanyň arassa energiýa çeşmelerini öndürýän RWE kompaniýasy Demirgazyk deňziniň kyn howa şertlerine çydamly “ýüzýän” Gün panellerini işläp taýýarlaýar. Synaglar oňyn netije beren ýagdaýynda, geljek ýyl söwda maksatly önümçilik ýola goýlar. “SolarDuck” kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlanýan taslamanyň çäklerinde açyk deňizlerde energiýa seýilgähleri dörediler. Gün platformalary kenardan uzakdaky ýel beketlerine birikdirilip bilner. “Merganser” atly ilkinji önümçilik desgasy Belgiýanyň Ostende şäheriniň kenaryndan uzaklykda gurlar. Pilot maksatnamanyň kuwwaty 0,5 MW bolar. Bu taslama kyn tebigy we howa şertlerinde energiýa öndürmäge mümkinçilik berer. Üstüne Gün panelleri oturdylan üçburçluk görnüşli platformalar suwdan 5 metr belentlikde ýerleşdiriler. Sagatdaky tizligi 110 kilometre ýetýän ýele çydamly bolan bu panelleri 30 ýyla çenli ulanyp bolar.

RWE kompaniýasy bu tehnologiýany Niderlanlaryň deňiz kenaryndan 53 kilometr çemesi uzaklykdaky “Hollandse Kust” ýel energiýa bekedine hem ornaşdyrmagy maksat edinýär.

RWE kompaniýa bu tehnologiýanyň deňizlerdäki Ýel beketleriniň çäginiň has netijeli peýdalanylmagyna mümkinçilik berjekdigini aýdýar.