(Tymsal)
Şägirtleriniň biri halypasyna ýüzlenipdir:
– Halypa, siz hemişe ýylgyryp gezýärsiňiz, hiç haçan siziň gaýga batyp ýöreniňizi görmedim. Muny hemişe sizden sorajak bolýan, ýöne hiç ugruny tapamok. Eýsem, bu size nädip başardýar?
Goja şeýle jogap beripdir:
– On ýedi ýaşymdakam çuňňur hasrat bilen halypamyň ýanyna barypdym. Halypam şonda ýetmiş ýaşyndady, ýöne görnüp duran belli bir sebäbi bolmasa-da çalaja ýylgyrýardy. Onuň ýüzünde gaýgy-hasratyň hiç hili alamatlary duýulmaýardy. Men hem ondan «Bu size nädip başardýar?» diýip sorapdym. Ol bolsa, diňe ýylgyryp oňaýdy. Ol gama ulaşar ýaly hiç bir sebäp görmeýändigini aýdypdy. Şonda men şeýle netijä gelipdim. Bu diňe meniň saýlan ýolum. Her gün irden gözümi açanymda, men şu gün haýsysyny saýlamaly – tukatlanmagymy ýa-da ýylgyrmagy diýip özümden soraýaryn. Şeýlelikde, men hemişe ýylgyrmagy saýlaýaryn.
«Müň gaýgy bir iş bitirmez».