2026-njy ýyl Gündogar ýyl hasaplamasyna laýyklykda at, ýagny ýylky ýyly hökmünde bellenilýär. Bedew azatlygyň, hereketiň, zähmetsöýerligiň we batyrlygyň nyşany bolup, bu ýyl jemgyýetçilik durmuşynda, ykdysady ösüşde hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklarynda işjeňligiň artmagy bilen häsiýetlendirilýär. Ýylky ýyly adamlary öňe ymtylmaga, täze maksatlary goýup, olary üstünlikli amala aşyrmaga ruhlandyrýan döwür hasaplanylýar.
Ýylky ýylynyň esasy aýratynlygy ösüşe we täzelige bolan güýçli islegdir. Bu ýylda jemgyýetde täze pikirler, döredijilik başlangyçlary we innowasion çemeleşmeler has işjeň ýüze çykýar. Adamlar öz mümkinçiliklerini has giňden açyp görkezmäge çalyşýarlar, hünär taýdan kämilleşmäge we jemgyýetiň ösüşine goşant goşmaga ymtylýarlar. Şeýle ýagdaýlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet öndürijiliginiň artmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine oňyn täsir edýär.
Ýylky ýylynyň çalt we joşgunly häsiýeti adamlardan jogapkärçiligi we paýhaslylygy talap edýär. Maksatlara ýetmekde diňe bir batyrgaýlyk däl, eýsem, tertiplilik, öňünden meýilnamalaşdyrmak we uzak möhletli pikirlenmek hem möhüm bolup durýar. Şeýle çemeleşme üstünlikleriň durnukly bolmagyny üpjün edýär.
2026-njy ýyl ösüşiň, döredijiligiň we täze mümkinçilikleriň giňden açyljak ýylydyr. Bu ýyl jemgyýetiň ähli agzalaryny zähmetsöýerlige, öňe okgunlylyga hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga çagyrýar. Goý, bu ýyl rowaçlyga, abadançylyga we parahatçylyga beslenen ýyl bolsun!
Aýna INNETOWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby.
PDF









