Belgiýanyň paýtagty Brýusselde 2024-nji ýylyň “Ýewropa agajy” bäsleşiginiň ýeňijisi mälim edildi. Her ýyl guralýan bu bäsleşikde Polşanyň Wroslaw uniwersitetiniň botanika bagynda ösýän “Seýilgähiň kalby” atly 200 ýaşly buk agajy ýeňiş gazandy. Indi Polşa birnäçe ýyl bäri şeýle bäsleşiklerde birinji orny eýeläp gelýär.
Halk köpçüliginiň ses berişliginiň netijelerine görä, Fransiýanyň Baýes şäherinde ösüp oturan saýawan şekilli 160 ýaşly söwüt agajy ikinji orny, Italiýanyň Sardiniýa adasynda ösüp oturan 4 müň ýaşly zeýtun agajy bolsa, üçünji orny eýeledi. Bu gezek ýylyň agajy bäsleşiginde jemi 174 müň 112 ses berlip, onuň 39 müň 158-si Polşanyň buk agajyna berildi. Bu dereje üçin 15 agaç bäsleşdi.
– Bäsdeşligiň maksady Ýewropa sapar edýän syýahatçylarda “Ýylyň agajy” bäsleşiginde öňe saýlanýan täsin agaçlary görmäge höwes döretmek hem-de garry agaçlaryň Ýewropanyň tebigy mirasyndaky ähmiýetini ýüze çykarmakdan ybaratdyr – diýip, “Ýewropa agajy” ekologik hyzmatdaşlyk birleşiginiň web sahypasynda bellenilýär.