2026-njy ýylda hem edil beýleki ýyllarda bolşy ýaly, täze-täze animasiýalar öz muşdaklaryna garaşýar. Bu ugruň öňdebaryjysy bolan «Pixar»-yň 2 animasiýasy ekranlara çykar. Adatça ýylda bir animasiýany prokata goýberýän şereketiň «Hoppers» hem-de «Oýnawaçlaryň hekaýasy» (Toy Story) seriýasynyň bäşinji multfilmi hem kinoteatrlarda görkeziler.
«Hoppers»
Animasiýalaryň hatarynda şu ýylyň dowamynda bu ugruň öňdebaryjysy «Pixar»-yň 2 multfilmi peýda bolar. Olaryň ilkinjisi «Hoppers» bolup, Daniel Çonuň surata düşüren multfilminiň gahrymanlaryna Paýper Kurda, Bobbi Moýnihan, Meril Strip, Jon Hamm, Deýw Franko dagy ses berýärler. Bu ekran eseri 6-njy martda kinoteatrlara çykar.
«The Super Mario Galaxy Movie»
Öz wagtynda tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazanan «Nintendo» kompaniýasynyň «Super Mario» wideo oýnunyň animasiýa görnüşdäki 2-nji ekran eseri 3-nji aprelde kinoteatrlarda görkezilip başlanar. «Universal» studiýasynyň önümi bolan bu animasiýa hem Aaron Horwat bilen Maýkl Helenik režissýorlyk edýär. Animasiýanyň gahrymanlaryna Kris Pratt, Anýa Teýlor-Joý, Çarli Deý, Jäk Bläk ýaly meşhur artistler ses berýärler.
«Animal Farm»
Belli ýazyjy Jorj Orwelliň tutuş dünýäde uly gyzyklanma bilen okalýan eseri «Haýwan fermasy» animasiýa görnüşde ekranlara çykar. Andi Serkisiň režissýorlygyndaky multfilm 1-nji maýda kinoteatrlara goýberiler. Animasiýanyň gahrymanlaryna Set Rojen, Kiran Kalkin, Wudi Harrelson, Glenn Klouz ýaly ussatlar ses berýär.
«Toy Story 5»
Ýylyň iň esasy garaşylýan animasiýasy bolan «Oýnawaçlaryň hekaýasy 5» 19-njy iýunda kinoteatrlara ýaýradylar. Animasiýa önümçiliginiň öňbaşçysy bolan «Pixar» studiýasynyň täze ekran eserine Andrýuw Stanton režissýorlyk edip, animasiýanyň gahrymanlaryna ýene-de Tom Hänks, Tim Allen, Joan Kusak ýaly artistler ses berýärler.
«Minions 3»
Ýylyň ýene bir garaşylýan animasiýalarynyň biri-de «Minionlar 3» multfilmi bolup, gyzykly başdan geçirme galan ýerinden dowam edýär. «Universal» studiýasynyň ekran eserine Pierr Koffin režissýorlyk edip, ol 1-nji iýuldan başlap kinoteatrlara goýberiler.
«Angry Birds Movie 3»
Fin kompaniýasyna degişli meşhur telefon oýny «Angry Birds» esasynda 3-nji ekran eseri hem peýda bolar. Ýylyň ahyrky günlerinde ekranlara çykjak animasiýa Jon Raýs režissýorlyk eder. «Paramount» studiýasynyň önümçiligindäki multfilmiň gahrymanlaryna ýene-de Jeýson Sudeikis, Joş Gad, Raçel Blum, Danni MakBraýd, Antoni Padilla dagy ses berip, olaryň hataryna Emma Maýers, Wolker Skobell, Lili Jeýms, Keke Palmer goşular.
PDF






