Ýy­lyň iň go­wy şä­her­le­ri

59

«Eu­ro­mo­ni­tor» hal­ka­ra mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da dün­ýä­niň iň go­wy şä­her­le­riniň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Sa­na­wa je­mi 100 şä­he­r gi­ri­zi­lip­dir. Pa­riž ge­çen ýyl bol­şy ýa­ly, bu ýyl hem bi­rin­ji bo­lup­dyr. Sa­naw, esa­san, şä­her­le­riň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ba­ha ber­ýär. Şol se­bäp­li şä­her­le­r saýlananda sy­ýa­hat­çy­lyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy, özü­ne çe­ki­ji ta­rap­la­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry, howp­suz­lyk we dur­nuk­ly­lyk ýa­ly öl­çeg­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty üç ýyl­dan bä­ri bu sa­naw­da bi­rin­ji bol­ýar.
Ikin­ji ýe­ri soň­ky ýyl­lar­da hal­ka­ra mas­la­hat­la­ryň we beý­le­ki çä­re­le­riň has köp ge­çi­ril­ýän ýe­ri bo­lan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­ri eýe­läp­dir. Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Mad­rid üçün­ji, Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Tok­io dör­dün­ji bo­lup­dyr. Gü­nüň dog­ýan ýur­du­nyň paý­tag­ty il­kin­ji ge­zek bu sa­naw­da öň­dä­ki on­lu­ga gir­di. Hü­när­men­ler mun­da şä­he­riň sy­ýa­hat­çy­lyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň tä­sir­li bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bu ýyl­ky sa­naw­da dün­ýä­niň bel­li şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Lon­dan dört bas­gan­çak aşak dü­şüp, onun­jy bo­lup­dyr. Ams­ter­dam, Ber­lin, Rim, Nýu-Ýork, Bar­se­lo­na we Lon­don il­kin­ji on­lu­ga giripdir.
«Eu­ro­mo­ni­tor»-yň sa­na­wyn­da Ýew­ro­pa­nyň şä­her­le­ri öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Il­kin­ji 20 şä­he­riň 12-si, umu­my sa­naw­da­ky 63 şä­her bu se­bit­de ýer­leş­ýär. Il­kin­ji 20 şä­he­riň ara­sy­na ABŞ-nyň Nýu-Ýork we Los-An­je­les şä­her­le­ri gi­ri­zi­lip­dir.
Sa­naw «Light­hou­se» mag­lu­mat kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­la­nyp­dyr.
Şeý­le hem sa­naw­da hal­ka­ra myh­man­la­ryň iň köp bar­ýan şä­her­le­ri­ne-de orun ber­lip­dir. Ge­çen ýy­la gö­rä sy­ýa­hat­çy sa­ny 26 gö­te­rim ýo­kar­la­nan Stam­bul bu sa­naw­da bi­rin­ji bo­lup­dyr. Şä­he­re 20,2 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly myh­man ba­ryp­dyr. Ikin­ji orun­da 18,8 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul eden Lon­don bar. Du­ba­ýa ba­ran da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny 16,8 mil­li­on bo­lup, bu sa­naw­da üçün­ji bo­lup­dyr.
Mag­lu­matlar ýy­lyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň di­ke­lip baş­lan­dy­gy­ny we ýo­lag­çy gat­na­wy­nyň 38 gö­te­rim ar­tan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
«Eu­ro­mo­ni­tor In­ter­na­tio­nal»-yň ýol­baş­çy­sy Na­dež­da Po­po­wa Pa­ri­žiň ýo­ka­ry de­re­je­li müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len öň­de­li­gi­ni sak­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Po­po­wa sy­ýa­hat­çy­la­ryň al­ter­na­tiw ýer­le­ri saý­la­ma­gy­ny do­wam et­dir­me­gi­ne ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy.

Je­ren ORAZ­DUR­DY­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.