Diňe eldeki totular däl, eýsem, ýabany tebigatda ýaşaýan totularyň hem sesleri gaýtalamaga ukyby bolýar. Soňky geçirilen barlagda ilatly ýerlere golaý ýaşaýan bu guşlaryň şol ýerdäki adamlaryň sesine öýkünýändigi, şeýle bolansoň, her şäherde ýaşaýan totynyň başga dilde saýraýandygy ýüze çykaryldy. Ylmy iş Ýewropa ýurtlaryndaky şäherlerde geçirilipdir. Barlagyň çäginde bu guşuň keşiş totusy (Myiopsitta monachus) atly ilatly ýerde ýaşamaga uýgunlaşan görnüşi öwrenilipdir.
Germaniýanyň Maks Plank adyndaky jandarlaryň hereketlerini öwreniş institutynyň alymlary Ispaniýa, Belgiýa, Italiýa we Gresiýa döwletleriniň dürli şäherlerindäki guşlarda barlag geçiripdirler.
Günorta Amerikada tebigy şertlerde ýaşaýan bu guşlar öýdeçi guşlaryň gaçyp gitmegi netijesinde Ýewropada köpelipdir. Bu jandarlar dürli seslere öýkünmäge has ukyply bolmagy bilen tapawutlanýar.
Myrat AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
PDF









