“Al-Nassr” toparynyň portugaliýaly super ýyldyzy Kristiano Ronaldo 2025-nji ýylyň iň köp gazanan futbolçysy boldy. Ol 2025-nji ýyly üçin 280 million dollarlyk girdeji gazandy. Onuň girdejisiniň 230 million “Al-Nassr” toparyndan alýan aýlyk haklary bolsa, galan 50 million dollary mahabat we beýleki gazanç çeşmelerinden ybaratdyr. “Inter Maýami” toparynyň argentinaly super ýyldyzy Lionel Messi sanawda 2-nji ýeri eýeleýär. Ol Ronaldodan ep-esli az girdeji gazandy. Messiniň 2025-nji ýyl üçin gazanjy 130 million dollar deň bolup, onuň 60 million klubunyň töleýän aýlyk hakydyr.
Sanawda 3-nji orundaky futbolçy-da Ýewropa klubunda çykyş etmeýän oýunçy bolup, Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” toparyndan Karim Benzemanyň ady bar. Fransiýaly hüjümçi 104 million dollarlyk gazanç etdi (100+4). “Real Madridiň” fransuz ýyldyzy Kilian Mbappeniň 95 (70+25) million dollar bilen 5-nji bolan sanawynda “Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holann 80 (60+20) million dollarlyk gazanç edip, 6-njy ýerde barýar. “Liwerpulyň” müsürli ýyldyzy Mohammed Salah 7-nji (55; 35+20), “Al-Nassryň” senegally oýunçysy Sadio Mane 8-nji (54; 50+4), “Real Madridiň” iňlis ýarymgoragçysy Jud Bellingam 9-njy (44; 29+15) hem-de “Barselonanyň” ýaş ýyldyzy Lamin Ýamal 10-njy (43; 33+10) orny eýeleýär.