«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ýur­du­myz­da ta­ry­hy öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek işi üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­di, hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy has-da ro­waç­lan­dy, türk­me­niň be­ýik og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk to­ýy hal­ka­ra de­re­je­de giň­den toý­la­nyp ge­çil­di. Ge­çen ýy­ly uly üs­tün­lik­ler bi­len ta­mam­lan hal­ky­myz «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na» ga­dam bas­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­ry bi­len türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri bu gün­ki döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň öze­ni­ni düz­ýär. 2025-nji ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly köp iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we­kil­le­ri­niň, ýur­du­my­zyň iri jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň, zäh­met­keş to­par­la­ry­nyň, ra­ýat­la­ry­nyň tek­lip­le­ri öw­re­nil­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýi­ti ze­hi­nin­den, jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» at­ly goş­gusy­nyň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny­na aý­ra­tyn üns ber­lip, mil­li Li­de­ri­mi­ziň gym­mat­ly mas­la­hat­la­ry­na eýe­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len­di­gi göz öňün­de tu­tul­dy.
2025-nji ýy­lyň ýur­du­myz­da «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gin­de öňe sü­ren mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şol baş­lan­gyç­lar dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edil­ýär, iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy bi­len, 86 döw­le­tiň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gin­de, BMG-ä ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da 2024-nji ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da öňe sü­ren Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şol ga­dy­my, çuň kök­le­re esas­la­nyp öňe sü­ren, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra gi­ri­zen «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» fi­lo­so­fi­ýa­sy­nyň lo­gi­ki do­wa­my­dyr, iş ýü­zün­de mun­dan beý­läk-de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­si­dir.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýe­rip, BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär we bu iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li mak­sat­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Zü­leý­ha ŞYH­MY­RA­DO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.