Kaliforniýanyň Energetika Geňeşi (CEC) döwletiň nol zyňyndy transport strategiýasyny çaltlaşdyrmak üçin 2,9 milliard dollar sarp eder. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky zarýad berijileri sany geljek dört ýylda takmynan 90 müňe ýeter. 2025-nji ýyla çenli ştatda 250 müň täze zarýad beriji peýda bolar. Munuň üçin sarp ediljek maýa goýumyň 900 million dollary ýeňil elektroulag, 1,7 milliard dollar orta we agyr elektroulag zarýad berijileriniň oturdylmagy üçin sarp ediler. Bu maksatnama ösýän önümçilik ekoulgamynda täze iş ýerlerini döretmek bilen bir hatarda ýaşaýjylar we edara-kärhanalary üçin zarýad beriji beketlere we wodorod ýangyjyna elýeterliligi artdyrar. Ştatda elektrolaglaryň ýaýbaňlandyrylmagyna berilýän goldawyň howanyň üýtgemeginiň öňüni almakdaky meýilnamasyny durmuşa geçirmäge goşant goşar.
Şu ýylyň başynda Kaliforniýa Howa Resurslary Geňeşi (CARB) gubernator Gawin Nýusomyň tabşyrygy bilen 2035-nji ýyla çenli ştatda satylan awtoulaglaryň hemmesiniň doly elektrik ýa-da zarýad berip bolýan gibrid bolmagyny talap edýändigini aýtdy. Hut şu maksat bilen, edara sarp edijileri we kompaniýalary elektrik ulaglaryna geçmäge höweslendirmek üçin 2,6 milliard dollarlyk maýa goýumyny tassyklady. Şeýle hem güneşli ştatda birnäçe ýyldan bäri binalaryň üçekleriniň Gün panelli bolmagy üçin maksatnama durmuşa geçirilýär.
Yslamberdi Tyllanurow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy
PDF









