Her çaganyň özüne mahsus zehini bar. Zehin üstünlige ýetmegiň iň möhüm guraly bolup, ukyp-başarnygyňy kämilleşdirmäge çalyşmaly. Köpler özüniň nämeler başarýandygyny, haýsy ugurdan zehin berlendigini bilmeýär. Içiňdäki güýji daşyňa çykarmak üçin batyrgaýlyk we sabyrlylyk gerek bolýar. Meşhur adamlaryň köpüsi öz zehinini ýüze çykarmak we üstünlige ýetmek üçin birnäçe ýylyny sarp edipdirler. Mysal üçin, Kristiano Ronaldonyň çagalyk arzuwy dünýä belli futbolçy bolmakdy. Ol 15 ýaşynda maşgalasynyň gün-güzeranynyň pesdigine garamazdan, maliýe we saglyk bilen bagly kynçylyklary ýeňip geçmeli boldy. Häzirki wagtda dünýäniň iň meşhur futbolçysyna öwrülen Ronaldo zehinini durmuşa geçirmek üçin köp zähmet çekdi. Her bir adam özünde bar bolan mümkinçiligi ýüze çykarmaga çagalyk ýyllaryndan başlamaly. Bilermenler zehiniňi ýüze çykarmagyň ýollary barada şeýleräk belleýärler.
Özüňi tanamak. Zehiniňi ýüze çykarmagyň ilkinji ädimi özüňi tanamakdyr. Sabyrsyzlyga we wagtyň boş gitmegine sebäp bolýan ýagdaýlaryň biri nämeleri başarýandygyňy bilmezden, başga ugurlara güýmenmekdir. Ilki bilen, haýsy ugra tebigy gyzyklanmaň bardygy barada pikirlenmeli. Bu zehiniň ilkinji alamatlaryndan belli bolýar. Mysal üçin, deň-duşlaryňdan tapawutlylykda owadan surat çekmek, aýdym-saz gurnaklaryna gatnaşmak höwesi, otag güllerini idetmäge bolan isleg…
Gyzyklanma we synanyşmak üçin batyrlyk. Gyzyklanma zehiniňi açmaga ýardam edýän hereketlendiriji güýçdür. Haýsydyr bir ugur bilen gyzyklanýan adam synanyşýar, ýalňyşýar we ýene-de synanyşýar. Aýdym aýtmakmy, surat çekmekmi, sport ýa-da tehnologiýa bilen meşgullanmakmy – ukyp-başarnygy synanyşmazdan bilmek mümkin däl. Munuň üçin bolsa batyrgaýlyk zerur bolup durýar. Sebäbi zehin adaty endiklerden daşarda gizlenýär.
Ýalňyşlyk goýbermekden gorkmazlyk. Köp adam ýalňyşlyk goýbermekden gorkýandygy üçin şol zada synanyşmazdan öň ýüz öwürýär. Ýalňyşlyklar zehiniňi ýüze çykarmagyň we ösüşiň tebigy bölegidir. Ýalňyşlyk goýbermek öwrenmek, berkitmek we özleşdirmek üçin esasy zatdyr. Üstünlige ýeten adamlar ýalňyşlyklary maksat hökmünde däl-de, basgançak hökmünde görýärler. Basgançakdan ýokary galanyňda bolsa, her ädimde täze zatlary öwrenýärsiň.
Sabyr etmek. Zehiniňi ýüze çykarmak üçin tertipli we yzygiderli türgenleşik hem-de sabyr zerurdyr. Ylham gysga wagtlyk bolsa-da, zähmet çekmek dowamlydyr. Gysga, ýöne yzygiderli ädimler wagtyň geçmegi bilen uly özgerişi döredýär. Sabyrly adam ahyrsoňy öz maksadyna we arzuwlaryna ýetýär.
Deň-duşlaryň goldawyny almak. Adam köpçülik bilen taplanýar. Deň-duşlaryň pikirleri we tankydy bellikleri ukyp-başarnygyňy kämilleşdirmek üçin wajypdyr. Edilýän belliklere dogry düşünip, ýoluňy dowam etmeli. Deň-duşlaryň goldawlary we garaýyşlary nämeleri başarýandygyňa göz ýetirmäge we kämil şahsyýet bolup ýetişmäge mümkinçilik berýär.
Ýürekden ýerine ýetirmek. «Ýürekden çykan söz ýürege barar» diýlişi ýaly, ýürekden ýerine ýetirilen iş (sungat eseri) adamlara has içgin täsir edýär. Abraý ýa-da el çarpyşmalar üçin ýerine ýetirilen iş wagtlaýyn bolýar. Şol sebäpli zehiniňi siňdirip ýerine ýetiren işiňden lezzet almaga çalyşmaly.
Özüň bolmak. Zehiniňi açmagyň iň möhüm şertleriniň biri-de özüň bolmakdyr. Başgalara meňzemän, özüň bolmaga synanyşmaly. Sebäbi öýkünmek we gaýtalamak hakyky zehin däldir.
Görelde almak. Köpler üstünlige ýeten adamlardan görelde alyp, «Men hem başararyn» diýen ýörelgä eýerýärler. Ussatlardan ylham almak we öz ýoluňy täzeçe usullarda dowam etmek zehiniňi işjeňleşdirýär.
Wagtyňy netijeli ulanmak. Zehiniňi ösdürmek üçin goşmaça wagt aýyrmak zerurdyr. Yza süýşürilýän içki gyzyklanmalar we islegler wagtyň geçmegi bilen öz täsirini ýitirýär. Şol sebäpli gyzyklanýan zadyňy wagtynda ýerine ýetirmeli. Pursady elden bermeli däl. Esasy zat hem, uzak wagtlap ýerine ýetirmek däl-de, aňly-başly we ünsli çemeleşmekdir.
Bilermenler beýlekiler bilen özüňi deňeşdirmegiň şowsuz netijelere getirýändigini we höwesiňi gaçyrýandygyny belleýärler. Durmuşda ukyp-başarnygyňa görä, öz ýoluňy saýlamak möhümdir. Saýlan hünäriňi çyn ýürekden we höwesli ýerine ýetirmek özüňi bagtly duýmaga mümkinçilik berýär. Zehiniňi ýüze çykarmak – bu ýaryş däl-de, ädimme-ädim üstünlige ýetmegiň ýoludyr.
Üstünlik hemraňyz bolsun!
PDF









