Türkmen jemgyýetinde zenana goýulýan sarpa aýratyn belentdir. Ene mukaddeslik, mähir we ýylylyk çeşmesi hökmünde kabul edilýär. Maşgala ojagynyň abadanlygy, çagalaryň terbiýesi, milli däp-dessurlaryň dowam etdirilmegi köplenç zenanlaryň paýyna düşýär. Şonuň bilen bir wagtda häzirki döwürde türkmen zenanlary diňe bir öý-ojakda däl, eýsem, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, ykdysadyýet we döwlet dolandyryşy ýaly ulgamlarda-da üstünlikli zähmet çekýärler.
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda dabaraly çäreler, baýramçylyk konsertleri, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň adyndan aýal-gyzlarymyza pul sowgatlary gowşurylýar. Zähmetde tapawutlanan, jemgyýetçilik işlerinde işjeňlik görkezýän zenanlar döwlet sylaglaryna we hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Bu bolsa zenanlaryň jemgyýetdäki işjeňliginiň, olaryň zähmetine goýulýan ýokary bahanyň aýdyň subutnamasydyr.
Halkara zenanlar güni diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, zenan mertebesini belent tutmagyň, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegiň wajypdygyny ýatladýan gündür. Zenanlaryň bagtyýar durmuşy, olaryň jemgyýetde giň mümkinçiliklere eýe bolmagy döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we täze üstünlikleri arzuw edýäris.
Atamyrat AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









