Toparlaryň dördüsiniň gatnaşmagynda bir aýlawdan ybarat bolan futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky ýurdumyzyň birinjiliginde birinji orny “Aşgabat” topary eýelemegi başardy.

“Ahal” hem-de “Lebap” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Balkan welaýatynyň “Balkan” topary dördünji boldy.

Geçirilen bäsleşigiň netijesinde “Aşgabat” toparynyň oýunçysy Maýa Musaskaýa “Iň ökde oýunçy”, Bahar Halylowa (“Ahal”) “Iň ökde derwezeçi” ugurlary boýunça öňe saýlandylar. Ýaryşyň dowamynda 4 top geçiren “Aşgabat” toparynyň oýunçysy Mariýa Çaryýewa iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeledi.

Futzal çempionatynyň duşuşyklarynyň hemmesiniň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirilendigini bellemek gerek.

Geçirilen duşuşyklaryň netijelesi:

1-nji tapgyr:
“Aşgabat” – “Lebap” – 4:0
“Ahal” – “Balkan” – 3:0

2-nji tapgyr:
“Aşgabat” – “Ahal” – 2:2
“Balkan” – “Lebap” – 0:4

3-nji tapgyr:
“Aşgabat” – “Balkan” – 5:0
“Ahal” – “Lebap” – 3:1