Zidandan soň Balogun, ABŞ-nyň ýygyndysy ýaryşy dowam edýär

17

Ýer eýesi ABŞ-nyň ýygyndysy San Fransiskodaky “Levi’s Stadium”-da Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyny 2-0 hasabynda utdy. Amerikanlara ýeňiş getiren gollary 45-nji minutda Folarin Balogun bilen 82-nji minutda jerime urgusynda Malik Tillman geçirdi. Oýnuň 64-nji minutynda Baloguna eden gödek hereketi üçin gönümel gyzyl kart görkezildi. Edil şonuň eden hereketini Argentina – Alžir duşuşygynda super ýyldyz Lionel Messi hem edipdi. Ýöne polşaly emin Şimon Marçiniak sary kart hem bermändi. Köpler bu ýagdaýa öz nägileligini bildiripdi. Folarin Balogun fransiýaly Zinedin Zidandan (2006) soň Dünýä Kubogynda gol geçiren oýnunda gyzyl kart alan ilkinji futbolçy boldy. 7-nji gezek 1/8 finala adyny ýazdyran ABŞ-nyň ýygyndysy 2002-nji ýyldan soň ilkinji sapar utulan-çykdy duşuşygynda ýeňiş gazandy.