UEFA Ýewropa Ligasynda täze möwsümiň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. 7 oýunda ýer eýeleri, 6 duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazanyp, biri golsuz 3 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

Angliýanyň “Aston Willa” topary öz meýdançasynda “Bolonýany” MakGinniň 13-nji minutda geçiren ýeke-täk goly esasynda 1-0 hasabynda ýeňdi.

Tapgyryň iň uly hasaply ýeňşini “Panatinaikos” topary gazandy. Myhmançylykda “Ýang Boýzy” 4-1 hasabynda ýeňen grek klubunyň gollarynyň 3-sini Zaruri (13, 19, 68), beýlekisini-de Swiderski (10) derwezä girizdi.

“Porto” myhmançylykda “RB Salsburgy” William Gomesiň 90+3-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen 1-0 utdy. “Lion” hem şol hasap bilen “Utrehtden” üstün çykdy (Tessmann 75). Ýaryşda 3 niderland topary-da 1-0 hasabynda asgyn geldi. “Feýenoord” myhmançylykda “Bragadan”, “Gou Ehed Iglz” bolsa öz meýdançasynda FKSB toparyndan ýeňildi. “Genk” hem myhmançylykda 1 oýunçy kem oýnan “Reýnjersi” iň kiçi hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.

“Lill” topary öz meýdançasynda “Brann” toparyny 2-1 hasabynda ýeňdi. “Lilliň” gollaryny Igamane bilen Žiru derwezä girizdi. Žiru UEFA-nyň bu ýaryşynda tapawutlanan iň ýaşuly futbolçy boldy (38 ýaş 360 gün).

Başga bir fransuz kluby “Nissa” öz meýdançasynda “Romadan” 2-1 hasabynda asgyn geldi (Moffi 77 p – Ndika 52, Mançini 55). “Nissa” toparynyň düzüminde meýdança çykan braziliýaly goragçy Dante ýaryşyň çäginde oýnan iň ýaşuly futbolçy boldy (41 ýaş).

Iňlis kluby “Nottingam Forest” myhmançylykda “Betis” bilen duşuşyp, soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi. Myhmanlarda Igor Žesusyň gollaryna (18, 23) ýer eýelerinden Bakambu (15) bilen Antoni (85) jogap berdi.

 

1-nji duşuşyklaryň netijeleri:

Midtýullan – Şturm Gras: 2-0,

PAOK – Makkabi T.: 0-0,

Srwena Zwezda – Seltik: 1-1,

Dinamo Zagreb – Fenerbahçe: 3-1,

Malmö – Ludogores Razgrad: 1-2,

Nissa – Roma: 1-2,

Betis – Nottingam Forest: 2-2,

Braga – Feýenoord: 1-0,

Fraýburg – Bazel: 2-1,

Gou Ehed Iglz – FKSB: 0-1,

Lill – Brann: 2-1,

Aston Willa – Bolonýa: 1-0,

Ýang Boýz – Panatinaikos: 1-4,

RB Salsburg – Porto: 0-1,

Utreht – Lion: 0-1,

Ferenswaroş – Wiktoriýa Plzen: 1-1,

Reýnjers – Genk: 0-1,

Ştutgart – Selta: 2-1.