Giza piramidalarynyň ýanynda gurlan Uly Müsür muzeýi dünýädäki iň uly arheologik muzeý hasaplanýar. Gurluşygyna 2005-nji ýylda başlanan bu muzeý 3-nji iýulda resmi taýdan açylar. Tutýan meýdany 500 müň inedördül metre, ýagny 70 futbol meýdançasyna barabar bolan bu toplum Müsür siwilizasiýasyna bagyşlanan gymmatlyklaryň jemlenen ýeridir.
Gips we aýna bilen gurşalan toplumyň girelge binasy dürli ululykdaky piramida meňzeş reňkli üçburçluklar bilen bezelipdir. Kassa bilen esasy binanyň aralygyndaky uly meýdança kiçijik şaglawuklary, çeşmeleri we piramida görnüşli daşlary bilen täsin görnüşi emele getirýär. Binanyň beýikligi Giza piramidasy bilen deň bolup, myhmanlar üçin esasy girelge Nil jülgesinde ýerleşýär.
Uly Müsür muzeýiniň taslamasy irland binagäri Roisin Heneghan we ýoldaşy Şih-Fu Peng tarapyndan işlenip taýýarlandy. Toplumyň galereýasy 3 esasy döwre – jemgyýetçilik, patyşalyk we dini ynançlar ýaly aýratynlyklara görä bölümlere bölünýär.
Ägirt uly muzeýde Müsüriň müňlerçe ýyllyk gadymy taryhyny we medeniýetini görkezýän köp sanly gymmatly eserler bar. Muzeýiň iň täsir galdyryjy bölümleriniň biri ýaş faraon Tutanhamona degişli esbaplar ýygyndysy bolar. Bu ýygyndyda faraonyň meşhur altyn maskasy, söweş arabalary we gurallary, şaý-sepler hem-de egin-eşikler bolar. Uly Müsür muzeýinde Tutanhamona degişli ähli galyndylar bir bölümde jemlener.
Muzeýiň girelgesindäki 11 metr beýiklikdäki Ramses II äpet heýkeli hem toplumyň täsirliligini artdyrýar. Mundan başga-da, Uly Müsür muzeýindäki pişik görnüşinde şekillendirilen Bastet taňrysynyň bürünçden ýasalan heýkelleri, Giza gazuw-agtaryş işlerinde tapylan zatlar we daşdan ýasalan sarkofag heýkeller hem muzeýiň esasy eserleridir.