To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny has-da kö­pel­ýär. Adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi de­ňiz ke­nar­la­ry­na dynç al­ma­ga gid­ýän bol­sa, köp­ler sal­kyn şä­her­le­re, oba­la­ra ge­ze­len­je gid­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da Azi­ýa yk­ly­myn­da ýer­leş­ýän şä­her­ler­dir de­ňiz ke­nar­la­ry hem ja­han­keş­de­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bu ugur­da Bang­kok, Kua­la-Lum­pur, Du­baý, Gon­kong ýa­ly şä­her­ler we Sin­ga­pur, Tai­land, Mýan­ma, In­do­ne­zi­ýa, Fi­lip­pin­ler ýa­ly ada ýurt­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­ýär. 2024-2025-nji ýyl­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk ha­sa­ba­ty­na gö­rä, Azi­ýa yk­ly­myn­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça To­kio öň­de­li­gi eýe­le­ýär. To­mus pas­lyn­da iň köp sy­ýa­hat edil­ýän bu şä­her Şan­haý, Se­ul, Pe­kin we Sin­ga­pur ýa­ly şä­her­ler­den öňe saý­lan­ýar.
XVII asyr­dan ozal Edo ady bi­len ta­na­lan To­kio il­ki­baş­da ba­lyk­çy­lyk şä­her­çe­si bo­lup­dyr. To­kio 1869-njy ýyl­da res­mi taý­dan Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty diý­lip yk­rar edi­len­den soň gül­läp ösüp baş­la­ýar. Ýur­duň iň köp ilat­ly şä­he­ri bo­lan To­kio­da 14 mil­li­on­dan gow­rak adam ýa­şa­ýar. 2 müň 194 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan bu şä­her yk­dy­sa­dy taý­dan ösen gur­lu­şa eýe bo­lup, me­tal iş­läp be­jer­mek­de, hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da, teh­ni­ki en­jam­la­ry ön­dür­mek­de we ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­mek­de öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär. Elekt­ro­ni­ka se­na­ga­ty taý­dan ösen şä­her­le­riň bi­ri bo­lan To­kio «ne­on yşyk­la­ryň şä­he­ri» ady bi­len hem ta­nal­ýar.
Çyg­ly we sal­kyn ho­wa­ly bu şä­her subt­ro­pik ho­wa gu­şak­ly­gyn­da ýer­leş­ýär. To­kio­da tom­su­na ho­wa 20-23 de­re­je­de sak­lan­ýar. Şä­her­de iň ys­sy aý aw­gust aýy bo­lup, ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 27 de­re­jä ýet­ýär. To­kio her ýyl 30 mil­li­on­dan gow­rak myh­man bar­ýar. Fu­tu­ris­tik şä­her­de sy­ýa­hat­çy­lar we myh­man­lar üçin dür­li dynç alyş­lar hem-de gy­zyk­ly güý­men­je­ler hö­dür­len­ýär. To­kio­nyň iň owa­dan ýer­le­ri­niň sa­na­wyn­da «To­kio Skyt­ree» ýaý­lym we gö­zeg­çi­lik di­ňi öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň iň be­ýik gur­lu­şy bo­lan bu bi­na­nyň be­ýik­li­gi 634 met­re ýet­ýär.
To­kio­nyň kö­çe­le­rin­de ge­ze­lenç edip ýö­räp bar­şy­ňa ýol ug­ry mo­da dü­kan­la­ry­na, söw­da mer­kez­le­ri­ne, ki­tap­ha­na­la­ra gö­züň düş­ýär. Ueno se­ýil­gä­hi şä­he­riň iň meş­hur ýe­ri bo­lup, bu ýer­de ýa­pon sun­ga­ty­na ýö­ri­te­leş­di­ri­len ýur­duň iň uly mu­ze­ýi bo­lan To­kio mil­li mu­ze­ýi ýer­leş­ýär. Mun­dan baş­ga-da, se­ýil­gäh­dä­ki Gün­ba­tar sun­gat mil­li mu­ze­ýi, Mil­li te­bi­gat we ylym mu­ze­ýi, Ueno haý­wa­nat ba­gy, Şi­no­ba­zu how­zy şä­he­riň iň köp ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. To­kio Şi­na­ga­wa ak­wa­riu­my, To­kio de­ňiz dur­muş se­ýil­gä­hi, Gü­neş ak­wa­riu­my we Su­mi­da ak­wa­riu­my ýa­ly äpet ak­wa­ri­um­la­ry bi­len hem meş­hur­dyr. Su­mi­da der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän bu şä­he­ri ga­ýyk­ly ýa-da gä­mi­li ge­ze­lenç edip, ýa­pon me­de­ni­ýe­ti­ne de­giş­li gö­zel­lik­le­ri, şä­her te­bi­ga­ty­ny ýa­kyn­dan syn­lap bol­ýar. Be­ýik­li­gi 333 met­re ýet­ýän To­kio­da­ky Eý­fel di­ňi­niň öý­kün­me nus­ga­sy şä­he­riň iň owa­dan bi­na­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Şä­her­de de­ňiz ke­na­ryn­da dynç al­ma­gy ha­la­ýan myh­man­lar üçin Ka­sai ke­nar­ýa­ka çä­re­le­ri gu­ral­ýar. Köp san­ly mu­ze­ýiň, sun­gat ga­le­re­ýa­sy­nyň we ki­tap­ha­na­la­ryň jem­le­nen ýe­ri bo­lan bu şä­her­de hal­ka­ra fo­rum­lar, sport ýa­ryş­la­ry we est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň kon­sert­le­ri hem gu­ral­ýar. To­kio­da elekt­ron sport oýun­la­ry iň meş­hur güý­men­je ha­sap­lan­ýar.