Gel­di­gy­lyç Araz­gy­ly­jow diý­len­de, süň­ňü­ne saz, owaz si­ňen, gür­län­de-de se­si mu­ka­ma, aý­dy­ma ça­lym ed­ýän ber­daş­ly adam göz öňü­ne gel­ýär. Ol ýaş­lyk möw­sü­mi­ne çen­li-de, aý­dym-sa­za im­ri­nip gez­ýär. Ol ça­ga­ly­gyn­dan baş­lap, saz çal­ma­gyň yş­ky­na düş­ýär. Oňa ata-ene­si ses ýaz­ýan en­ja­my sa­tyn alyp ber­ýär­ler. Ol şo­ňa dür­li aý­dym­la­ry ýaz­dy­ryp, özi-de aý­dy­myň söz­le­ri­ni ýat tu­tup, ça­ga se­si bi­len hiň­len­ýär. Ylaý­ta-da, onuň sa­za üşü­gi güýç­li eke­ni. Ak­kor­de­on­da, tar­da, man­do­li­na-da ça­lyn­ýan saz­la­ryň he­ňi­ne öý­kün­ýär. Şeý­le­lik­de, ça­ga­lyk­dan mek­de­biň aý­dym-saz gur­na­gy­na gat­nap, her gü­ni mu­kam için­de geç­ýär. Gel­di­gy­lyç dür­li saz gu­ral­la­ry­ny çal­ma­gy öw­ren­ýär. Ol sa­zan­da hem aý­dym­çy bo­lup sah­na çyk­ýar.
1966-njy ýyl­da Gu­ba­dag et­ra­byn­da­ky 14-nji or­ta mek­de­bi ta­mam­lap, şol ýyl hem Aş­ga­bat­da­ky me­de­ni-aň bi­lim teh­ni­ku­my­na oku­wa gir­ýär. Gel­di­gy­lyç bu okuw mek­de­bin­de saz çal­mak bi­len meş­gul­la­nyp, sa­zan­da­la­ryň dü­zü­min­de çy­kyş ed­ýär. Onuň saz çal­mak uky­by bu ýer­de has-da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Ol dür­li saz gu­ral­la­ryn­da aý­dym-saz­la­ry ez­ber­lik bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
G.Araz­gy­ly­jow 1969-njy ýyl­da me­de­ni-aň bi­lim teh­ni­ku­my­ny üs­tün­lik­li ta­mam­lap, öz dog­duk oba­sy­na – Gu­ba­dag et­ra­by­nyň Aba­dan­lyk ge­ňeş­li­gi­niň Gum oba­sy­na do­la­nyp gel­ýär. Bu ýer­de ol me­de­ni­ýet işi bi­len bir­lik­de, aý­dym-saz sun­ga­ty­na aý­ra­tyn üns ber­ýär. Dür­li saz gu­ral­la­ry­ny çal­ýan sa­zan­da­lar­dan yba­rat ýö­ri­te to­par dü­züp, il­ki öz oba­syn­da, soň­ra et­ra­byň dür­li ýer­le­rin­de aý­dym-saz çy­kyş­la­ry­ny gu­ra­ýar. Şeý­le gu­ra­ma­çy­lyk uky­by bi­len ady­gan Gel­di­gy­lyç Araz­gy­ly­jo­wa et­rap me­de­ni­ýet bö­lü­mi ta­ra­pyn­dan 1979-njy ýyl­da et­rap mer­ke­zin­de ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­ni aç­mak­ yna­nyl­ýar. Bu ýo­ka­ry ynam­dan ruh­la­nan Gel­di­gy­lyç Araz­gy­ly­jow özü­niň ýi­ti gu­ra­ma­çy­lyk uky­by­ny gör­ke­zip, ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­ni döw­re­bap gur­ma­gy ba­şar­ýar. Ol il­ki bi­len bu sun­gat mek­de­bi­ne ök­de aý­dym-saz mu­gal­lym­la­ry­ny çe­kip, okuw gol­lan­ma­la­ry, saz gu­ral­la­ry, ge­rek­li mek­dep en­jam­la­ry bi­len üp­jün edip, okuw­çy­la­ryň bu ugur­dan döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ryn­da we saz çal­mak en­dik­le­ri­ni ös­dür­mek­de mö­hüm iş­le­ri bi­tir­ýär.
G.Araz­gy­ly­jow ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­na eýe­rip, us­sat ha­ly­pa bag­şy­dyr sa­zan­da­la­ry ça­gy­ryp, olar bi­len ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň mu­gal­lym­la­ry­nyň we okuw­çy­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly du­şu­şy­gy­ny ge­çi­rip­dir. Söh­bet­li hem aý­dym-saz­ly du­şu­şyk ha­ly­pa­la­ryň okuw­çy­la­ryň bi­le­lik­dä­ki kon­ser­ti­ne öw­rü­lip­dir. Ol du­şu­şyk­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň halk bag­şy­la­ry Ila­man An­na­ýew, Tüý­li Otu­zow, Çu­wal bag­şy­nyň og­ly, us­sat gy­jak­çy Ju­ma­gu­ly Mag­tym­gu­ly­ýew, bag­şy­lar Beg­my­rat, Aý­my­rat An­na­ýew­ler, bag­şy hem ök­de gy­jak­çy Şyh­my­rat Ju­ma­ýew da­gy gat­na­şyp­dyr. G.Araz­gy­ly­jow köp bag­şy-sa­zan­da­lar bi­len duz-emek bol­mak bi­len, olar­dan öw­re­nip­dir we öz öw­re­nen­le­ri­ni mu­gal­lym­lar hem okuw­çy­lar bi­len paý­la­şyp­dyr.
Ol öz işi­ne has-da dö­re­di­ji­lik­li we yh­las­ly çe­me­leş­mek bi­len, aý­dym-sa­za ök­de şä­girt­le­ri ýe­tiş­dir­ýär. Olar­dan bag­şy-sa­zan­da­lar – Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Gur­ban Gur­ba­no­wy, Ýu­sup Beg­ja­no­wy, Ah­met Esen­ýa­zo­wy we baş­ga­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Gur­ban Gur­ba­now özü­niň ýaş­lyk ýyl­la­ry­ny ýat­lap, 1984-nji ýyl­da bu sun­gat mek­de­bi­ni il­kin­ji­le­riň bi­ri bo­lup, üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len aýd­ýar. Ol özü­niň bu ýer­de sun­ga­ta gö­nük­me­gin­de ha­ly­pa­sy G.Araz­gy­ly­jo­wyň be­ren mas­la­hat­la­ry­ny ho­şal­lyk­ly ýat­lap, ha­ly­pa­nyň özü­ne kä­mil­lik ga­py­sy­ny açan­dy­gy­ny buý­sançly gür­rüň ber­di.
Me­niň hem ýaş­ly­gy­myň bir bö­le­gi Gel­di­gy­lyç ha­ly­pa bi­len geç­di. Ka­kam Ber­di­baý Ber­di­ýew (Os­man bag­şy) toý­lar­da aý­dym aý­dan­da, ýa­nyn­da Gel­di­gy­lyç aga gy­jak ça­lar­dy. Ol gy­jak çal­ma­ga diý­seň ök­de­di. Olar, köp­lenç, öýü­miz­de aýt­ma­ly aý­dym­la­ry owaz ga­za­nyn­da kem­siz bi­şi­rer­di­ler. My­da­ma tiň­kä­mi di­kip otu­ra­nym­dan­my nä­me­mi, bir­den Gel­di­gy­lyç aga ma­ňa ba­kyp: «Ha­ny, sa­zan­da bol­saň, «Ha­jy­go­la­gy» çal» diý­di. Men bu sa­zy bil­di­gim­den du­tar­da çal­dym. «Bol­jak, saz üşü­gi, mu­kam dü­şe­gi «Ha­jy­go­lak­da­dyr» diý­di. Gel­di­gy­lyç ha­ly­pa öýü­mi­ze gel­se, öý­dä­ki­ler begen­ýär­di­ler. Ol diý­seň de­giş­gen hem şoh adam­dy, gö­ýä onuň üçin bu dün­ýä­de gam-gus­sa ýok ýa­ly­dy. Ol he­mi­şe ýyl­gy­ryp ge­zer­di, ýyl­gy­ryp gür­lär­di. «Ýü­re­gi gö­zün­den gör­nüp du­ran» di­ýil­ýän şeý­le my­la­ýym, mäh­ri­ban adam­dy. Oňa ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň äh­li mu­gal­lym­la­ry «Ha­ly­pa» di­ýip ýüz­len­ýär­di­ler. Se­bä­bi ola­ryň her­sin­de Gel­di­gy­lyç ha­ly­pa­nyň öw­re­den oku­wy, be­ren der­si bar­dy. Ol her bir mu­gal­ly­myň okuw der­si­ne gat­na­şyp, oňa ýü­rek­den ýyl­gy­ryp, şeý­le mäh­ri­ban­lyk bi­len özü­niň iş tej­ri­be­si­ni ba­gyş ed­ýär­di.
Bir ge­zek Gel­di­gy­lyç ha­ly­pa ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­mi­ziň okuw ota­gyn­da gy­jak çal­ýan okuw­çy­la­ryň saz uky­by­ny göz­den ge­çir­di. Mu­gal­lym­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len sa­pak­da biz – ýaş­la­ra gy­jak çal­ma­gyň in­çe tär­le­ri ba­ra­da aý­dan­da, per­de­siz gy­ja­gyň per­de­si­niň ýü­re­giň per­de­sin­de­di­gi­ni aý­dyp, her ki­miň öz ze­hi­ni­ni yzy­gi­der­li tap­lap dur­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. «Şon­da Baý­ram gy­jak­çy ýa­ly «iki gy­jak­çy­lyk» iş bi­ti­rer­si­ňiz» diý­di. Mu­gal­lym­la­ryň bi­ri:
– Ha­ly­pa, «Iki gy­jak­çy­lyk» diý­ýä­ni­ňiz nä­me? – di­ýip so­ra­dy.
– Na­zar Ba­ga­nyň Baý­ram di­ýen gy­jak­çy­sy bo­lup, ol ýaş ýo­gal­ýar. Soň­ra onuň ýa­nyn­da iki gy­jak­çy Ber­di­baý bi­len Öwez gy­jak­çy­lyk ed­ýär. Bir ge­zek ola­ryň ýo­ly Baý­ram gy­jak­çy­nyň ýa­tan öw­lü­ýä­si­niň üs­tün­den düş­ýär. Baý­ra­myň ba­şu­jun­da do­ga okap, Na­zar Ba­ga suw-sil ag­la­ýar. Soň­ra iki gy­jak­çy­sy ha­ly­pa­dan ýa­rym-ýaş bo­lup ag­lan­dy­gy­nyň se­bä­bi­ni so­ran­da, ol:
– Ne­neň ag­la­ma­ýyn! Baý­ram gy­jak ça­lan­da, iki gy­jak­çy­nyň owa­zy­ny be­rip bil­ýär­di. In­di me­niň se­si­me siz iki bo­lup eýer­ýär­si­ňiz. On­so­ňam Baý­ram­dan öň men ba­ky­ýe­te gi­den bol­sam, Baý­ram hiç bir bag­şy­nyň ýa­nyn­da öm­rü­ne gy­jak çal­maz­dy. Ine, me­niň na­mart ýe­rim – men he­ni­zem Baý­ram­syz du­tar ça­lyp, aý­dym aý­dyp ýö­rün – di­ýip, ba­şy­ny ýaý­ka­ýar.
Gel­di­gy­lyç Araz­gy­ly­jow ha­kyn­da ýag­şy ýat­la­ma­lar il için­de ýaşap ýör. Us­sat sa­zan­da hem bag­şy, ök­de gu­ra­ma­çy ýol­baş­çy, mäh­ri­ban yn­san, türk­men şa­han­daz­ly­gy­nyň eýe­si bo­lan G.Araz­gy­ly­jow­ly ge­çen ýyl­lar we­la­ýa­ty­my­zyň bag­şy-sa­zan­da­la­ry üçin aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň in­çe ýol­la­ry­nyň açy­lan ýyl­la­ry bol­dy. Onuň sun­gat ýo­lun­dan ýö­räp ýö­ren şä­girt­le­ri bol­sa, sun­ga­tyň tä­ze göz­leg­le­rin­de öz­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler.

Akmyrat REJEBOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
dessançy bagşy.