Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli işlemekleri, ajaýyp eserleri döretmekleri, medeniýetimizi, sungatymyzy, milli mirasymyzy dünýä ýaýmaklary üçin ähli mümkinçilikler üpjün edilýär. Ýaş nesillerde milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza söýgi we höwes döretmekde alnyp barylýan işler täze taryhy eýýamda rowaçlyklara beslenýär. Bu bolsa täze ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna, olaryň ýylba-ýyldan kämilleşmegine ýardam edýär.
Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda halkymyzyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny we medeni mirasyny düýpli öwrenmek, wagyz etmek babatdaky işler dowamat-dowama beslenýär. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň sarpasy belentden tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertiniň geçirilmegi, şol bir wagtda türki döwletleriň opera sungat ussatlarynyň bilelikde konsertiniň geçirilmegi türkmen medeniýetiniň halkara hyzmatdaşlykda täze derejelere çykýandygynyň aýdyň nusgasydyr. Weli Muhadow ähli babatda türkmen hem-de daşary ýurtly kompozitorlar üçin nusga bolup durýar. Ol zehinli türkmen kompozitorlarynyň ýetişmegine uly goşant goşan türkmen sungat ussadydyr, türkmen akademik saz sungatynyň gözbaşynda duran şahsyýetleriň biridir. Ol Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew we Adrian Şapoşnikow dagy bilen bilelikde ilkinji milli opera eserlerini döretmäge gatnaşypdyr.
Weli Muhadow özboluşly zehini bilen žanr dürlüligine aýratyn üns beren kompozitordyr. Onuň eserleriniň içinden millilik eriş-argaç bolup geçýär. Döreden sazlarynda dutaryň ritmlerini, tüýdükde çalynýan sazlaryň äheňlerini aýdyň duýmak bolýar. Kompozitoryň döreden simfoniýalary türkmen simfonizminiň naýbaşy eserleri hasaplanýar. Olardan Magtymgulynyň ýadygärligine, Aýdogdy Tahyrowa bagyşlanan «Gahrymançylyk» simfoniýasyny, ejesiniň ýagty ýadygärligine bagyşlanan simfoniýany görkezmek bolar. «Gökdepe» simfoniýasy bolsa türkmen halkynyň özbaşdaklygy ugrunda alyp baran göreşlerini öz içine alýar. W.Muhadow fortepiano hem orkestr üçin konsertleriň awtory hökmünde-de giňden tanalýar.
Ömrüni türkmen saz sungatyny ösdürmäge bagyşlan kompozitoryň simfoniýalary, kantatalary, instrumental konsertleri, simfoniki sazlary we Çary Aşyrowyň poemasy esasynda ýazylan «Ganly sakanyň soňy» operasy, şeýle-de köpsanly wokal eserleri türkmen saz sungatynyň altyn hazynasyna girýär. «Bu derdi», «Gyzlar», «Nirde sen?», «Aşyklaryň şäheri», «Jan Türkmenistan», «Toý aýdymy», «Garlawaç», «Söýgülim gelýär» ýaly beýleki aýdymlary, dürli romanslary diňleýjileriň söýgüsini gazanyp, halkyň arasynda meşhurlygyny has-da artdyrýar.
Mamajan AKYÝEWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň medeni-usulyýet merkeziniň baş hünärmeni.
PDF








