Nýu-Ýorkda geçiriljek «Christie’s» auksionynda Roý Lihtenşteýniň 1964-nji ýylda döreden meşhur «Howsalaly gyz» eseri 60 million dollar baha bilen satuwa çykarylýar. 30 ýyllap hususy kolleksiýada saklanan bu eser pop-art žanrynyň iň kämil nusgalarynyň biri hasaplanýar. 18-nji maýda geçiriljek söwdalaşyk on ýyllyk arakesmeden soň, ussadyň «Gyzlar» tapgyryna degişli seýrek eseriň täze eýesini tapmagyna mümkinçilik berer.
PDF









