«Sot­he­by’s» auk­si­on öýi Lon­don­da gym­mat ba­ha­ly we seý­rek nus­ga­la­ry duş gel­ýän sun­gat eser­le­ri­ni «Gün­do­gar sun­ga­ty» ady bi­len sa­tu­wa hö­dür­le­di. Je­mi 50 ese­riň sa­tu­wa çy­ka­ry­lan auk­sio­nyn­da türk su­rat­ke­şi Os­man Ham­di Be­ýiň 1881-nji ýyl­da çe­ken su­ra­ty iň gym­mat ba­ha­dan sa­ty­lan lot bol­dy. Awst­ri­ýa­da­ky hu­su­sy kol­lek­si­ýa­da sak­lan­ýan eser 1 mil­li­on funt ster­lin­ge sa­tyl­dy. Ese­ri 1910-njy ýyl­da gru­zi­ýa­ly Şa­za­da Sa­dyk Ýa­di­ga­row sa­tyn alyp­dyr. Soň­ra eser onuň og­ly Ar­çi­le ga­lyp­dyr. 1930-njy ýyl­lar­da Ar­çil öý­le­nen­soň, şo­nuň bi­len ga­ryn­daş bo­lan We­na­da­ky hu­su­sy kol­lek­si­ýa­çy­la­ryň bi­ri­ne ge­çip­dir.
«Ko­fe taý­ýar­lan­ýar» at­ly kar­ti­na­da Stam­bu­lyň Top­ka­py köş­gün­de fa­ýans bi­len be­ze­len otag­la­ryň bi­rin­de ko­fe iç­mek bi­len bag­ly däp-des­sur­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iki ze­na­nyň su­ra­ty bar. Ola­ryň bi­ri eli­ni ýu­wup otyr, beý­le­ki­si elin­de des­mal sak­lap dur. Aňyr­da­ky sto­luň üs­tün­de bol­sa, ko­fe çaş­ka­la­ry­ny gör­mek bol­ýar.

Şe­ra­pat SUL­TA­NO­WA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.