Ita­li­ýa­da şä­her­den uzak­da­ky oba­lar­da ýa-da ila­ty azal­ýan ki­çeň­räk şä­her­çe­ler­de ba­ha­sy ba­ry-ýo­gy 1 ýew­ro bo­lan jaý­la­r sa­tu­wa çy­kar­yldy. Şeý­le kam­pa­ni­ýa ýur­duň köp ýe­rin­de yg­lan edi­lip­di. Ýer­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen bu tas­la­ma uly gir­de­ji ge­tir­di. Boş du­ran bu jaý­lar tä­ze eýe­si­ne abat­la­mak şer­ti bi­len sa­tyl­ýar. Ba­ha­sy bir çaş­ka ko­fe­den hem az bo­lan jaý­lar bü­tin dün­ýä­de gy­zyk­lan­ma dö­re­dip, ola­ry gör­mä­ge köp adam ba­ryp­dyr. Sa­tu­wa çy­ka­ry­lan jaý­la­ryň kö­pü­si sa­ty­lyp­dyr. Bu jaý­lar auk­si­on ar­ka­ly sa­tu­wa çy­ka­rylyp, 1 ýew­ro sim­wo­li­k ba­ha kesi­len hem bol­sa, ha­ky­kat­da has gym­ma­da sa­tyl­ýar.
Si­si­li­ýa­nyň or­ta­syn­da­ky 10 müň tö­we­re­gi ýa­şaý­jy­sy bo­lan Mus­so­me­li şä­her­çe­sin­de 2017-nji ýyl­da ýo­la goý­lan kam­pa­ni­ýa­nyň çäk­le­rin­de 125-den gow­rak goz­gal­ma­ýan em­läk sa­ty­lyp­dyr. Jaý­la­ryň sa­tyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýer­li gur­lu­şyk­çy­lar, te­le­ke­çi­ler, res­to­ran­lar we otel­ler 7 mil­li­on ýew­ro tö­we­re­gi peý­da gö­rüp­dir. Gir­de­ji di­ňe em­lä­giň sa­tyl­ma­gyn­dan alyn­man­dyr. Bu jaý­la­ry gör­mä­ge gel­ýän aly­jy­la­ryň sa­ny hem 6 müň tö­we­re­gi bo­lup­dyr. Bu myh­man­lar hem ýer­li res­to­ran­la­ra, otel­le­re we beý­le­ki hyz­mat­lar pu­da­gy­na gir­de­ji ge­ti­rip­dir. Kö­ne jaý­la­ryň tä­ze eýe­le­ri­niň ara­syn­da iri şä­her­den gö­çüp ge­len ýa­şu­lu­lar, te­bi­ga­tyň jüm­mü­şin­de ýa­şa­mak is­le­ýän da­şa­ry ýurt­lu­lar hem bar.

Re­sul HO­JA­BER­DI­ÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.