Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” 36-njy tapgyrda 4-nji ýerde barýan “Atletik Bilbao” topary myhmançylykda “Hetafeni” Gorka Guruzetanyň (76) hem-de Daniel Wiwianyň (89) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňişden soň basklylar täze möwsümde UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. “Atletik Bilbao” topary soňky gezek 2014/15 möwsüminde bu ýaryşda çykyş edipdi. Bu olaryň Çempionlar Ligasyndaky 3-nji başdan geçirmesi bolar. Olar ilkinji gezek 1998/99 möwsüminde gatnaşypdylar. Umumylykda bolsa 6-njy sapar UEFA-nyň birinji derejeli klub ýaryşyna wekilçilik eder (1956/57, 1983/84, 1984/85, 1998/99, 2014/15, 2025/26).
Ispaniýadan Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 5-nji topar bolmak üçin “Wilýarrealyň” uly artykmaçlygy bar. Olar galan 2 tapgyrda ýeňilmedik ýagdaýynda Çempionlar Ligasyna wekilçilik ederler. Bu ugurda 6-njy orundaky “Betis” topary 2 oýunda-da ýeňiş gazanyp, “Wilýarrealyň” ýeňilmegine garaşmaly bolar.