Koreýa Respublikasy ABŞ-da emeli aň infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen 100 milliard dollarlyk ägirt uly energetika taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýýarlanýar. “The Wall Street Journal” neşiriniň ýazmagyna görä, bu ylalaşygyň çäginde sekize çenli atom elektrik stansiýasynyň hem-de tebigy gazda işleýän elektrik energiýasy taslamasynyň gurluşygy amala aşyrylar. Koreýa Respublikasynyň Söwda ministrligi maýa goýumlaryň jikme-jiklikleriniň entek doly ylalaşylmandygyny mälim etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda söwda ylalaşygyna gol çekipdi. Oňa laýyklykda, Koreýa Respublikasy amerikan önümçiligine 350 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga borçlanypdy, Waşington bolsa öz gezeginde Koreýa Respublikasyndan getirilýän harytlara nyrh ýygymlaryny 15 göterime çenli çäklendirmäge razy bolupdy. Şondan soň Seul ylalaşygy durmuşa geçirmekde käbir bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Birnäçe ýylyň dowamynda amala aşyrylmagyna garaşylýan maýa goýum taslamalary ABŞ-da sekize çenli ýadro reaktoryny gurmagy göz öňünde tutýar. Ilkinji reaktoryň amerikan “Westinghouse Electric” kompaniýasynyň taslamasy esasynda gurlup, soňky reaktorlaryň käbiriniň Koreýanyň KEPCO kompaniýasynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagyna garaşylýar.
Şeýle hem Tehas ştatynda emeli aň maglumat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin bahasy, takmynan, 20 milliard dollara barabar bolan tebigy gaz elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär.
PDF








