Germaniýanyň Kansleri Fridrih Mers bilen Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistanyň arasynda erkin söwda hakyndaky ylalaşyga tiz wagtda gol çekilmegini goldap çykyş etdiler. Bu barada Germaniýanyň hökümetiniň resmi wekili Ştefan Kornelius mälim etdi.

Iki ýurduň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Germaniýa bilen Hindistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyny tassykladylar hem-de sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar howpsuzlyk syýasaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine-de seredip geçdiler.

20 ýyla golaý dowam eden gepleşiklerden soň, Brýussel bilen Nýu-Deli ýanwar aýynyň ahyrynda erkin söwda ylalaşygy boýunça işleri tamamlapdy. Häzirki wagtda resminamanyň tekstini hukuk taýdan kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Ýylyň ahyryna çenli bu ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýar.