Saud Arabystanynyň çempionaty SPL-de soňky çempion “Al-Nassr” öz meýdançasynda “Diriýah” topary bilen duşuşdy. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Al-Nassr” 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Er-riýadlylara uly hasaply ýeňiş getiren gollary 23-nji minutda Kristiano Ronaldo, 35-nji minutda Samu Kosta hem-de 77-nji minutda Kingsli Koman geçirdi.
Şeýlelikde, milli toparyň lagerini terk eden Ronaldo klubdaky ilkinji oýnunda tapawutlanmagy başardy. Bu onuň karýerasyndaky 980-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Onuň 1000 gola ýetmegine 20 gol galdy.
SPL-de Anž Postekoglunyň tälimçiligindäki “Al-Nassr” topary 8-nji tapgyrdan soň 19 utuk bilen 2-nji ýerde barýar.
PDF








