102 ýaşly ýaponiýaly Kokiti Akuzawa Fudzi dagynyň çür depesine çykan iň garry alpinist boldy. Akuzawa 96 ýaşynda hem Fuji dagyna çykypdy. Dagyň depesine adatça, 7-10 sagatda baryp bolýan hem bolsa garra agram salmazlyk üçin 3 günde baryp ýetdiler. Ýaponiýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Honsýu adasyndaky Fuji dagy Ýaponiýanyň iň beýik dagydyr. Onuň beýikligi 3776 metre deň.