Angliýanyň çempionatynda 29-njy tapgyrda “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Nýukasldan” 2-1 utuldy. 45+1-nji minutda Jeýkob Remziniň gyzyl kart almagyndan soň meýdançada 1 oýunçy kem galan “Nýukasl” 45+6-njy minutda Gordonyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen öňe saýlandy. Myhmanlar 45+9-njy minutda Kazemironyň tapawutlanmagynda hasaby deňlese-de, 90-njy minutda garşylyklaýyn hüjümde Osula owadan gol bilen “Nýukasla” ýeňiş getiren oýunçy boldy. “Mançester Ýunaýted” Maýkl Kerrigiň tälimçiliginde ilkinji gezek, umumylykda bolsa çempionatda 11 oýundan soň ýeňildi.
Žoao Pedronyň 4 golluk goşandy
29-njy tapgyrda 4-nji orna düşen “Aston Willa” bilen “Çelsiniň” arasyndaky oýunda ýer eýeleri duşuşygyň başynda Duglas Luiziň goly esasynda öňe saýlandy. Ýöne 30-njy minutdan soň birmingemlilere Žoao Pedrony saklamak başartmady. Ol het-trik edip, 4-nji goluň hem pasyny berdi. Braziliýaly oýunçy duşuşygyň 35-nji, 45+6-njy we 64-nji minutlarynda tapawutlanyp, toparynyň uly hasaply ýeňiş gazanmagynda esasy roly oýnady.

PDF









