110 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawr

108

Mundan 110 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawryň galyndylary tapyldy. Günorta Amerikada ýaşan ýyrtyjy dinozawryň ululygynyň towuk ýalyrakdygy mälim edildi. Braziliýada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde üstünden barlan dinozawr “Ubirajara jubatus” diýlip atlandyryldy. Mundan ozal şeýle dinozawr galyndylary Germaniýada hem-de Hytaýda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylypdyr. “Ubirajara” diýmeklik irki döwürlerde Braziliýada ýaşap geçen tupileriň dilinde “naýzanyň hojaýyny” diýmegi aňladýar. “Jubatus” bolsa latynça kekeçli diýmegi aňladýar.