1876-njy ýylyň 7-nji martynda amerikan alymy Aleksandr Bell telefony oýlap tapmak maksady bilen «telegrafyň kämilleşdirilen modeline» patent alýar. Belliň telefony öz gezeginde adamyň sesini ugratmak we kabul etmek üçin hyzmat edipdir. Abonent jyňňyrdy arkaly çagyrylypdyr. Şunuň bilen birlikde, liniýanyň hereket aralygy 500 metrden geçmändir.