Tamamlanyp barýan Dünýä Kubogynda ilkinji finalçy belli boldy. Dallasdaky AT&T Stadium-da oýnalan Fransiýa – Ispaniýa ýarym final duşuşygynda ýeňiş gazanan matadorlar bolup, olar 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň agramly böleginde jylawy elinde saklan ispanlara ýeňiş getiren gollary 22-nji minutda penaltiden Mikel Oýarzabal bilen 58-nji minutda Pedro Porro geçirdi.
Oýarzabalyň şu çempionatda geçiren gollarynyň sany 5-e ýetip, ol Dawid Wilýa hem-de Emiliano Butragenýonyň rekordyny gaýtalady (1 çempionatda iň köp gol geçiren ispan futbolçysy). Porro bolsa şu çempionatdaky hem-de milli ýygyndydaky 2-nji goluny derwezä girizdi.

Şunlukda, 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan Ispaniýanyň ýygyndysy 2010-njy ýyldan soň, taryhynda 2-nji gezek Dünýä Kubogynda finala çykmagy başardy.
Italiýanyň rekordyny gaýtalady
Şol bir wagtyň özünde Ispaniýanyň ýygyndysynyň ýeňilmezeklik seriýasy 37 oýna ýetdi we matadorlar bu ugurda Italiýanyň rekordyny gaýtalady.
Mundan öňki 2 resmi oýnunda Fransiýany ýeňen ispanlar garşydaşyny bassyr 3-nji gezek hem ýeňmegiň hötdesinden geldi. Bu duşuşyk Dünýä Kubogynyň çäginde 2 toparyň arasyndaky 2-nji duşuşyk bolup, 20 ýyl ozal 1/8 finalda Fransiýa 3-1 hasabynda ýeňipdi.

Garaşylyşyndan juda pes oýun görkezen Fransiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Didie Deşam Dünýä Kubogynda iň köp duşuşyk geçiren tälimçi boldy (26 oýun).
Fransiýanyň ýygyndysy bassyr 3-nji gezek finala çykan 3-nji topar bolmak mümkinçiligini elden giderdi. Bu ugurda Germaniýa (1982, 1986, 1990) bilen Braziliýanyň (1994, 1998, 2002) ýygyndylary yzly-yzyna 3 gezek finala çykypdylar.
Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Angliýanyň ýa-da Argentinanyň ýygyndysy bolar. Iki topar çarşenbeden penşenbä geçilýän gije 00:00-da duşuşar.
PDF









