97-nji Oskar baýraklarynda geçen ýyl ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyny gazanan Da’Win Joý Randolf baýragyň bu ýylky ýeňijisiniň “Emiliýa Peres” filminiň ýyldyzy Zou Saldanýa bolandygyny mälim etdi. Saldanýa sahnada duýguly çykyş edip, geçen asyryň 2-nji ýarymynda ABŞ-na göçüp gelen enesine öz minnetdarlygyny bildirdi. Onuň bu keşp bilen gazanan baýraklarynyň sany 15-e ýetdi. “Emiliýa Peres” filmi ýene bir ugurdan, iň gowy aýdym ugrundan hem Oskara mynasyp boldy. 13 dalaşgärlik bilen iňlis dilinde bolmadyk filmleriň arasynda iň köp ugur boýunça Oskara dalaşgär görkezilen filmdäki “El Mal” aýdymy iň gowy aýdym diýlip saýlandy. “Rolling Stones” aýdym-saz toparyny esaslandyryjylaryň biri, meşhur britan aýdymçysy Mik Jagger heýkeljikleri şol aýdymyň sözlerini we sazyny ýazan Kleman Dukol bilen Kamiýe hem-de filmiň režissýory Žak Odiara (sözlerini bilelikde ýazdy) gowşurdy. “Emiliýa Peres” 13 ugruň diňe 2-sinden heýkeljik bilen dolandy.