13 ýyldan soň yklymyň çempiony boldy

2

Basketbol boýunça yklymyň iň uly klub ýaryşy Ýewroligada çempion belli boldy. Gresiýanyň paýtagty Afinyda oýnalan “Final Four”-yň final duşuşygynda ýerli “Olimpiakos” bilen Ispaniýanyň “Real Madrid” toparlary duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda “Olimpiakos” 92:85 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Duşuşykda “Olimpiakosdan” Laýlz 24, Furnie 20, “Real Madridden” Hezonýa 19 utuk geçirdi. Çempion toparyň fransuz ýyldyzy Ewan Furnie “Final Four”-yň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.

Şeýlelikde, “Olimpiakos” topary 13 ýyldan soň 4-nji çempionlygyny gazandy. Grek kluby mundan öň 1997-nji, 2012-nji we 2013-nji ýyllarda çempion bolupdy.

11 çempionlygy bolan “Real Madrid” bolsa 11-nji gezek finalda ýeňildi. “Real Madrid” topary soňky 5 ýylda 4-nji gezek finalda oýnap, olaryň diňe birinde kubogy eýeledi.

“Real Madrid” ýarym finalda Ispaniýanyň başga bir topary “Walensiýa Basketi” 105:90, “Olimpiakos” bolsa Türkiýäniň “Fenerbahçe Beko” toparyny 79:61 hasabynda ýeňipdi.