Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da final oýunlarynyň 1-nji duşuşygy oýnaldy. «San Antonio Spars» bilen “Nýu Ýork Niksiň” arasyndaky 1-nji duşuşyk Tehasda geçirildi. Çekeleşikli we başa-baş dowam eden oýunda “Nýu Ýork Niks” myhmançylykda 105:95 hasabynda üstün çykyp, final duşuşyklaryna ýeňiş bilen başlady. Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň ýyldyzy Jalen Brunson 30 utuk geçirip, toparyň üstün çykmagyna saldamly goşant goşdy. “San Antonio Sparsdan” ýyldyz basketbolçy Wiktor Wembanýamanyň 26 utuk, 12 ribaundlyk görkezijileri ýeňşe ýetmedi.
Toparlaryň arasyndaky 2-nji duşuşyk 6-njy iýunda ýene Tehasda oýnalar. 3-4-nji duşuşyklar 9-njy we 11-nji iýunda Nýu Ýork şäherinde geçiriler. 4 oýunda ýeňiş gazanan topary ýeňiji diýlip yglan ediler. Gerek bolan ýagdaýynda 5-nji duşuşyk 14-nji iýunda Tehasda, 6-njy oýun 17-nji iýunda Nýu Ýorkda, 7-nji duşuşyk 20-nji iýunda Tehasda geçiriler.
Finala çenli garşydaşlaryny aňsatlyk bilen ýeňen “Nýu Ýork Niks” topary 1999-njy ýyldan soň ilkinji gezek NBA-nyň çempionlygyna dalaş edýär.
“San Antonio Spars” topary finala çenli güýçli garşydaşlary ýaryşdan çykardy. Esasan hem ýarym finalda “Oklahoma Siti Tanderi” 7 oýnuň netijesinde 4:3 hasabynda utmagy başardy.
“Nýu Ýork Niks” topary mundan öň 8 gezek finala çykyp, 1970-nji we 1973-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. Ilkinji çempionlygyny 1999-njy ýylda “Nýu Ýork Niksi” ýeňip gazanan “San Antonio Spars” 2003-nji, 2005-nji, 2007-nji hem-de 2014-nji ýyllarda jemi 5 gezek NBA-nyň çempiony boldy.
PDF









