Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da adaty möwsüm tamamlanyp, pleý-off tapgyryna badalga berildi. “Oklahoma Siti Tander” topary 64 ýeňiş bilen Günbatar Konferensiýanyň lideri boldy. “San Antonio Spars” 62 oýunda ýeňiş gazandy. “Denwer Naggetsiň” 3-nji bolan sanawynda “Los Anjeles Leýkers” 4-nji orny eýeledi.
Gündogar Konferensiýada “Detroit Pistons” 82 duşuşygyň 60-synda ýeňiş gazanyp, adaty möwsümi öňdäki orunda tamamlady. “Boston Seltiks” 2-nji, “Nýu Ýork Niks” 3-nji, “Kliwlend Kawaliers” 4-nji orna mynasyp boldy.
Pleý-off tapgyrynda Günbatar Konferensiýasynda “Oklahoma Siti Tanderiň” bäsdeşi pleý-in duşuşyklaryndan soň belli bolar. “LA Leýkers” topary “Hýuston Rokets” bilen, “Denwer Naggets” topary “Minnesota Timberwolwes” bilen, “San Antonio Spars” bolsa “Portland Treýl Bleýzers” bilen duşuşar.
Gündogar Konferensiýada “Detroit Pistonsyň” garşydaşy pleý-in duşuşyklarynyň ýeňijisi bolar. “Kliwlend Kawaliers” topary “Toronto Reptors” bilen duşuşsa, “Nýu Ýork Niks” topary “Atlanta Hawks” bilen güýç synanyşar. NBA-nyň iň köp çempionlyk gazanan topary “Boston Seltiks” nobatdaky ýeňşini gazanmak üçin ilki “Filadelfiýa 76ers” toparyndan üstün çykmaly bolar.
Pleý-off duşuşyklary 19-njy aprelde başlar. Ilkinji bolup 4 duşuşykda ýeňiş gazan toparlar ýaryşy dowam eder. NBA-nyň final oýunlary-da iýun aýynyň 4-ine başlar.
Günbatar Konferensiýa:
Oklahoma Siti Tander – pleý-in duşuşyklarynyň ýeňijisi
LA Leýkers – Hýuston Rokets
Denwer Naggets – Minnesota Timberwolwes
San Antonio Spars – Portland Treýl Bleýzers
Gündogar Konferensiýa:
Detroit Pistons – pleý-in duşuşyklarynyň ýeňijisi
Kliwlend Kawaliers – Toronto Reptors
Nýu Ýork Niks – Atlanta Hawks
Boston Seltiks – Filadelfiýa 76ers
PDF









