Tennis boýunça möwsümiň 4-nji “Uly tuwalga” ýaryşy “Amerika Açyk” tamamlandy. 145-nji gezek geçirilen ýaryşyň baýrak gaznasy 90 million amerikan dollaryna deň bolup, ýeňijileriň hersi aýratynlykda 5 million amerikan dollary bilen sylaglandy.

Erkekleriň arasynda soňky ýyllaryň 2 öňdebaryjy tennisçisi – ispaniýaly Karlos Alkaras bilen ýaryşyň soňky çempiony, italiýaly Ýannik Sinner duşuşdy. Iki tennisçi şu möwsümde bassyr 3-nji gezek “Uly tuwalga” ýaryşlaryň finalynda özara güýç synanyşdy. Şeýle waka “Açyk” döwürde ilkinji gezek hasaba alyndy.

4 setde tamamlanan oýunda Alkaras 1-nji setde 6:2 ýeňiş gazandy. 2-nji setde Sinner 6:2 üstün çykyp, umumy hasaby deňlese-de, 3-4-nji setlerde ýeňiş gazanmak Alkarasa kyn düşmedi. 6:1 we 6:4 hasaplar bilen üstün çykan Alkaras 2022-nji ýyldan soň, 2-nji gezek “Amerika Açykda” çempion bolmagy başardy. Bu onuň umumylykda 6-njy “Uly tuwalga”, karýerasy boýunça 23-nji ATP çempionlygy baýram etdi. 22 ýaşly tennisçi Býorn Borgdan soň 6 “Uly tuwalga” kubogyny gazanan iň ýaş tennisçi boldy. Alkaras “Awstraliýa Açykdan” galan “Uly tuwalga” ýaryşlarynda 2 gezek çempionlyk gazanmagy başardy (“Fransiýa Açyk” – 2024, 2025; “Wimbledon” – 2023, 2024; “Amerika Açyk” – 2022, 2025).

Bu ýeňişden soň, Alkaras ATP-niň sanawynda 1-nji orna beýgelip, Sinner 2-nji ýere düşdi. Sinner ýylyň dowamynda 4 “Uly tuwalgada-da” finala çykan 4-nji tennisçi bolup, ondan öň Rod Lawer, Rojer Federer hem-de Nowak Jokowiç şeýle başarnyk görkezipdi.  Şunlukda, her ýyl geçirilýän 4 “Uly tuwalga” ýaryşynyň 2-sinde Sinner (“Awstraliýa Açyk”, “Wimbledon”), beýleki 2-sinde bolsa Alkaras (“Fransiýa Açyk”, “Amerika Açyk”) ýeňiji boldy.