Häzirki wagtda Ýewropada we beýleki ýurtlarda aşa sowuk howa höküm sürýär. Russiýanyň paýtagty Moskwada meteorologiýa hasabatynyň ýöredilip başlanan 146 ýyllyk taryhyndaky iň köp garyň ýagandygy mälim edildi. Şäherde garyň köp ýagan günlerinde gije-gündizleýin arassalaýyş işleri geçirildi. Şäher häkimligi birnäçe günüň dowamynda 1 million kub metr garyň arassalanandygyny mälim etdi. Mundan ozal 2018-nji ýylda şähere has köp garyň ýagandygy mälim edildi.
PDF









