Bosniýa we gersegowinaly weteran hüjümçi Edin Jeko 15 ýyldan soň Germaniýa dolandy. 39 ýaşyndaky Jeko Italiýanyň “Fiorentina” toparyndan Germaniýanyň 2-nji ligasynda çykyş edýän belli “Şalke 04” toparynyň düzümine goşuldy. Ol möwsümiň ahyryna çenli bu klubuň köýnekçesini geýer. 2007-2011-nji ýyllar aralygynda “Bundesligada” “Wolfsburg” toparynda oýnan Jeko ondan soň, “Mançester Siti”, “Roma”, “Inter”, “Fenerbahçe”, “Fiorentina” toparlarynda çykyş etdi. Jeko karýerasy boýunça klublarda 909 oýunda 381, milli toparda 146 duşuşykda 72 gol geçirdi. Onuň “Bundesligada” hem-de “Premier Ligada” çempionlygy bar.