Formula 1 boýunça möwsümiň 12-nji ýaryşy Beýik Britaniýanyň Silwerstoun şäherçesiniň adybir trassasynda geçirildi. 52 aýlawdan ýaryşda ýene-de “McLaren” topary goşa üstünlik gazandy. Bassyr 2-nji, soňky 4 ýaryşda 3-nji, möwsümde-de 5-nji gezek “McLaren” topary 1-2-nji orunlary eýeledi.

Toparyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýaryşy 1 sagat 37 minut 15,735 sekuntda tamamlap, yzly-yzyna 2-nji, möwsümdäki 4-nji, karýerasy boýunça-da 7-nji ýeňşini baýram etdi. Onuň topardaşy, awstraliýaly Oskar Piastri 6,812 sekunt yza galyp, 2-nji orny eýeledi.

Münberiň 3-nji basgançagyna garaşylmadyk ýagdaýda “Kick Sauber” toparynyň 37 ýaşyndaky germaniýaly piloty Niko Hüllkenberg çykdy. Ol 15 ýyllyk F1 karýerasy boýunça ilkinji gezek ýeňiş münberine çykmagy başardy. Ol 239 ýaryşdan soň münbere çykyp, bu ugurda dowam edýän öz antirekordy ahyry duruzmagyň hötdesinden geldi. Öz tomaşaçysynyň öňünde münbere çykmak üçin ýiti göreş alyp baran “Ferrari” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton 4-nji orny eýeledi. Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan soňky çempion, “Red Bull” toparynyň niderland piloty Maks Werstappen 5-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.

Bäsleşigi 5 sürüjä dürli sebäplerden tamamlamak başartmady.

Häzirki wagtda F1-de şu möwsümdäki ýaryşlaryň deň ýarysy tamamlanyp, sürüjileriň sanawynda “McLaren” toparynyň sürüjileri öňdeligi eýeleýär. Piastri 234-nji, Norris 226 utuk bilen 1-2-nji orunlary paýlaşýarlar. 3-nji basgançakdaky Werstappeniň 165 utugy bar.

Möwsümiň 13-nji ýaryşy 27-nji iýulda Belgiýanyň Stawelot şäherçesindäki Spa-Frankorçamps trassasynda geçiriler.