Täze Zelandiýaly Lourens Wotkinsdir iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Onuň doly ady 2 müň 253 sözden ybarat. Bu barada Daily Mail ýazýar. Ilkibaşda bu waka 1990-njy ýylyň mart aýynda başlady. Rekord eýesi özi baradaky maglumatlary üýtgetmek kararyna gelýär. Şondan soň ol öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmaga başlaýar we özüniň täze adyny kabul etdirmek üçin okrug kazyýetine ýüz tutýar. Ilkibaşda onuň arzasy kanagatlandyrylmaýar. Soňra ol arzasyny has ýokary edara iberýär. Iň soňunda bu edara onuň bu uzyn adyny kanuny diýip ykrar edýär. Rekord eýesi özüniň täze adynyň 6 sahypa tutýandygyny, adamlaryň elmydama üýtgeşik we ajaýyp gazananlary bilen gyzyklanýandygyny Ginnesiň rekordlar kitaby bilen geçiren söhbetdeşliginde uly buýsanç bilen belledi.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.