«Na­tio­nal Ge­og­rap­hic» ne­şi­ri 2024-nji ýyl­da sy­ýa­hat edil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän ýer­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Sa­naw­da 30 ýe­riň ady bo­lup, şä­her­de da­dyp gö­rül­me­li ta­gam­lar ýa-da gö­rül­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän ýer­ler hem bellenipdir. Sa­naw­da Ýew­ro­pa­nyň soň­ky ýyl­lar­da sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da ös­ýän ýur­dy bo­lan Al­ba­ni­ýa, meş­hur­ly­gy bar­ha art­ýan Hy­ta­ýyň Si­an şä­he­ri, kö­çe ta­gam­la­ry bi­len köp­le­riň ün­sü­ni çek­ýän Taý­wa­nyň Taý­nan şä­he­ri ýa­ly ýer­ler bar. Bel­li bir ter­tip bi­len be­ril­me­dik sa­naw­da Ita­li­ýa­nyň Emi­li­ýa-Ro­man­ýa we­la­ýa­ty, De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň ikin­ji uly şä­he­ri Bel­fast, Şot­lan­di­ýa­nyň Gal­lo­weý we Gü­nor­ta Aýr­şir bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy, Mek­si­ka­nyň Ýu­ka­tan ýa­rym ada­sy, Nor­we­gi­ýa­nyň Nur­lann etraby ýa­ly te­bi­gy taý­dan özü­ne çe­ki­ji ýer­ler bar. Şeý­le hem Ita­li­ýa­da ga­dy­my Pom­pei şä­he­ri­niň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni, Ir­lan­di­ýa­da At­lan­tik ýo­lu­ny, Çi­li­de Ata­ka­ma çö­lü­ni, Ma­da­gas­kar­da And­re­fa­na to­kaý­la­ry­ny gör­mek we Ger­ma­ni­ýa­da «Euro-2024» çem­pio­na­ty­na to­ma­şa et­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

Aý­gül IL­ME­DO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki «Olimp» or­ta sport mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.