“Visual Capitalist” portaly tarapyndan taýýarlanan infografikada 2025-nji ýylda iň ýokary maddy üpjünçilik derejesi bolan ýurtlaryň üç reýtingi görkezilýär. Çep sütünde ýurtlar adam başyna düşýän jemi içerki önümi (2025-nji ýyl üçin Halkara Pul Gaznasynyň maglumatlary) ortada – adam başyna düşýän umumy milli girdejisi (2024-nji ýyl üçin Bütindünýä Bankynyň maglumatlary) we sagda – ortaça maddy hal-ýagdaýy (Şweýsariýanyň UBS bankynyň 2024-nji ýyl üçin maglumatlary) nazara alnypdyr.
Dürli ölçegleriň ulanylmagynyň iň baý ýurtlaryň sanawynda döwletleriň ornuna ep-esli derejede täsir edýändigi äşgärdir. Üç sanawyň ählisinde ilkinji bäşlige giren ýeke-täk döwlet Lýuksemburgdyr. Ol adam başyna düşýän jemi içerki önümi (140,9 müň dollar) we ortaça hal-ýagdaýy (395,3 müň dollar) boýunça birinji ýerde durýar, şol bir wagtyň özünde umumy milli girdejisi boýunça bolsa Bermud adalaryndan (140,3 müň dollar), Norwegiýadan (98,2 müň dollar) we Şweýsariýadan (95,9 müň dollar) soň dördünji orunda (91,5 müň dollar) durýar.
2025-nji ýylda adam başyna düşýän jemi içerki önüm boýunça iň baý on ýurtlaryň sanawy aşakdaky ýaly tertipde:
- Lýuksemburg – 140,9 müň dollar;
- Irlandiýa – 108,9 müň dollar;
- Şweýsariýa – 104,9 müň dollar;
- Singapur – 92,9 müň dollar;
- Islandiýa – 90,3 müň dollar;
- Norwegiýa – 89,7 müň dollar;
- ABŞ – 89,1 müň dollar;
- Makao – 76,3 müň dollar;
- Daniýa – 75 müň dollar;
- Katar – 71,7 müň dollar.